Orsýetli sportsmenleriň şikaýaty boýunça karara Gyşky olimpiadanyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda yglan ediler
Orsýetli sportsmenleriň Günorta Koreýada Gyşky olimpiada gatnaşmak üçin halkara şikaýat suduna eden arzy boýunça karar oýunlaryň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda 9-njy fewralda yglan ediler diýlip, Sport boýunça halkara arbitraž sudy (CAS) yglan etdi.
Sport boýunça bu halkara edarasy Günorta Koreýanyň Pýongçang şäherinde geçiriljek olimpiadanyň açylmagyna 9 sagat galanda öz kararyny yglan etjekdigini aýtdy.
“Maglumatyň elýeterli bolan pursadynda siz habarly edilersiňiz” diýip, guramanyň baş sekretary Matthieu Reeb 8-nji fewralda žurnalistlere aýtdy.
5-nji dekabrda Halkara olimpiýa komiteti Orsýetiň ýygyndy komandasynyň Gyşky olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizip, barlaglaryň Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagynyň döwlet tarapyndan guramalaşdyrylmagynyň subut edilendigini aýtdy.
Orsýet bu aýyplamalary ret edýär.
Orsýetiň jemi 32 sany sportsmeni, şol sanda alty sany altyn medalyň eýesi Wiktor Ahn Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiliginiň ugrunda Sport boýunça şikaýat suduna (CAS) ýüz tutdular.