ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty üç günlük sapar bilen Özbegistana barýar
Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomaty özbek liderleri bilen gepleşikleri geçirmek we Owganystan boýunça halkara parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin 25-nji martda üç günlük sapar bilen Özbegistana barýar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Tomas Şannon (Thomas Shannon) 26-njy martda Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşar. Şeýle-de, onuň özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew we daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň owgan resmileri bilen 25-nji martda duşuşjakdygy aýdylsa-da, Daşkent konferensiýasynyň 26-njy martda başlamagyna garaşylýar.
Bu konferensiýa, 28-njy fewralda owgan paýtagtynda “Kabul prosesi” at bilen geçirilen duşuşygyň yz ýany planlaşdyryldy. Şol duşuşykda owgan prezidenti Aşraf Gani deslapky şertleri gürleşmän, “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi teklip edipdi.