ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty üç günlük sapar bilen Özbegistana barýar
Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomaty özbek liderleri bilen gepleşikleri geçirmek we Owganystan boýunça halkara parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin 25-nji martda üç günlük sapar bilen Özbegistana barýar. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Tomas Şannon (Thomas Shannon) 26-njy martda Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşar. Şeýle-de, onuň özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew we daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Читать дальше...