Gürjüstanyň protest lideri syýasy partiýalaryň ählisini herekete goşulmaga çagyrýar
Tbilisidäki hökümte garşy protestleri gurnaýjy Gürjüstandaky “syýasy partiýalaryň ählisini” protest hereketine goşulmaga çagyrdy. Günorta kawkaz ýurdundaky demonstrasiýalar 3-nji iýun güni irden bäri dowam etdirilýär.
"Şu wagta çenli men diňe jemgyýetçilik goldawyny almaga çalyşýarym” diýip, Zaza Saralidze 2-nji iýun güni giçlik ýerli telewideniýe stansiýalary arkaly göni alnyp görkezilen sözünde aýtdy.
“Emma indi men bozgaklaryň bu parahat ýygnanyşygymyzy bulamak üçin aramyza nähili çöp atjak boluşlaryny görýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Indi men gürjüstanyň syýasy partiýalarynyň ählisini bir güýje goşulmaga hem-de bu sistemany bilelikde sökmäge çagyrýaryn” diýip, Saralidze märekä ýüzlenip aýtdy.
Emma muňa garmazdan, Gürjüstanyň oppozisiýadaky syýasy partiýalarynyň köçe protestlerine goşulyp, oňa goldaw berjekdigi ýa bermejekdigi aýdyň bolman galýar.