Kuba ýurduň sowet döwründe ýazylan konstitusiýasyny täzeden ýazýar
Kuba ýurduň sowet döwründe ýazylan konstitusiýasyny täzeden işlemek üçin ozalky prezident Raul Kastronyň ýolbaşçylygynda 33 adamdan ybarat komissiýa döretdi. Kubanyň parlamenti 2-nji iýunda häzirki prezident Miguel Diaz-Kanel bu kanuny täzeden ýazmak baradaky çagyryşyny tassyk etdi. Resmiler konstitusiýanyň deslapky taslamasynyň ýazylmandygyny aýtdylar. Täze baş kanunyň soňky ýyllardaky bazar reformalaryny, şeýle-de syýasy edaralarda işlemegiň çäklendirilen möhletleriniň girizilmegini öz içine almagyna garaşylýar. Читать дальше...