Indoneziýadaky ýer titremede azyndan 142 adam öldi
Indoneziýanyň Lombok adasynda ýüze çykan ýer titremede azyndan 142 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy.
Ýerli resmiler 7 bal derejesindäki bu tebigy hadysanyň netijesinde kurort şäheri Mataramda “uly” weýrançylyklaryň dörändigini, şeýle-de adam pidalarynyň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýtdylar.
Ýer sarsmanyň täsiri goňşy Bali adasynda hem duýuldy.
Geçen hepde Indoneziýanyň başga bir kurort sebiti – Lombokda hem ýer titreme bolup, onda azyndan 16 adam heläk bolupdy.