Pentagon Pompeonyň saparyndan öň Pakistana berjek $300 million harby kömegini togtatdy
ABŞ harbylary Pakistana berilmeli 300 million dollar kömegini togtatmak kararyna gelendiklerini, sebäbi Yslamabadyň jeňçilere garşy garaşylýan çäreleri görmeýändigini aýtdylar.
Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň we baş ABŞ generalynyň saparynyň öňüsyrasynda gelnen karar dartgynlyklary ýokarlandyrdy.
Bu şu ýylyň başyndan bäri Pakistana berilmegi planlaşdyrylan, emma togtadylan serişdeleriň möçberini 800 million dollara ýetirýär.
Prezident Donald Tramp şu ýylyň başynda Pakistana berilýän beýleki kömekler bilen bilelikde Koalisiýa goldaw fondlary diýilýäni hem togtatdy.
Tramp adminstrasiýasy Yslamabady goňşy Owganystanda 17 ýyllyk pitne urşuny alyp barýan jeňçileri penalamakda aýyplaýar, Pakistan bu aýdylýanlary ret edýär.
Pentagonyň karary Pompeonyň Yslamabada 5-nji sentýabra planlaşdyrylan saparynyň öň ýanyna gabat geldi. Sapar wagtynda onuň ýanynda ABŞ-nyň harby ofiseri, general Josef Dunford hem bolar.