Orsýet bilen Ukraina Zaharçenkonyň ölüminde biri-birini aýyplaýar
Orsýet bilen Ukraina gündogar Ukrainadaky seperatistleriň başlygy, Donetsk halk respublikasy diýilýäniň ýolbaşçysy Aleksandr Zahaçenkonyň öldürilmeginde bir-birini günäleýär. Zaharçenko 31-nji awgustda, Donetskdäki kafede bolan partlamada öldi. Bu gündogar Ukraianda 2014-nji ýyldan bäri Moskwanyň goldaw bermegi bilen Kiýewdäki hökümete garşy uruşýan seperatist resmileriniň we komandirleriniň arasynda bolan zorlukly ölümleriň soňky mysaly bolup durýar.Umuman alnanda, bu uruşda 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi. Читать дальше...