Türk aňtawçylary 2013-nji ýyldaky hüjümiň esasy şübhelisini tussag etdiler
Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkiýäniň Milli aňtaw edarasy (MIT) türk raýaty Ýusuf Nazigi Siriýanyň Latakia şäherinde tutup, Türkiýä getirdi.
Onuň haçan tussag edilendigi baradaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylmady.
Nazik Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyndaky Reýhanly şäherçesinde iki sany ulagly bomba hüjümini guramalaşdyrmakda we planlaşdyrmakda güman edilip, Türkiýäniň Milli aňtaw edarasy tarapyndan gözlenýärdi.
Türkiýe bu bomba hüjümlerini amala aşyrmakda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini we onuň ýaran toparlaryny aýyplapdy.
“Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, deslapky sorag etmelerde Nazik hüjümiň arkasynda özüniň durandygyny “boýun alyp”, onuň Siriýa režiminiň tabşyrygy esasynda amala aşyrylandygyny aýtdy.