Owgan resmileri: Ýurduň günortasyndaky hüjümde ölenleriň sany 68-e ýetdi
Owganystanyň gündogarynda geçirilen protest üýşmeleňine edilen hüjümde ölen adamlaryň sany 68-e ýetdi diýip, resmiler aýdýarlar.
11-nji sentýabrda ýurduň Nangarhar welaýatynda janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran partlamasynda başga-da 165 adam ýaralandy diýip, welaýat häkimliginiň metbugat wekili Attaullah Hogýani Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda aýtdy.
Nangarharyň Saglyk departamenti hüjümde ölen adamlaryň sanynyň 32-den 68-e ýetendigini tassyklady diýip, Owganystanyň “Tolo News” telekanaly habar berdi.
Bu hüjüm Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalabad şäheri bilen ýurduň Pakistan bilen esasy – “Torham” – serhet geçelgesiniň arasyndaky gara ýolda amala aşyryldy.
Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
Soňky aýlarda Jalalabatda onlarça adamyň ölümine sebäp bolan ençeme bomba partlamasy we hüjümler amala aşyryldy.