Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny howpsuzlyk sebäpli salmaýar

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny howpsuzlyk sebäpli salmaýar

Türkmenistanyň üstünden tranzit bilen Täjigistana barýan ýük ulaglary türkmen serhedinden howpsuzlyk sebäpli geçirilmeýär. Bu barada türkmen tarapynyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine ugradan resmi hatynda aýdylýar.

Täjigistanyň Transport ministrligindäki çeşmäniň 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna (Radio Ozodi) aýtmagyna görä, bu hatda Türkmenistanyň serhedinde, şeýle-de, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awtoulaglarynyň garaşyp durandygy habar berlipdir. "Bu ýurduň häkimiýetleri neşe trafiginden aladalanýarlar, şonuň üçin olar bu çäräni ulanmaly bolupdyrlar" diýip, çeşme aýtdy. 

Türkmenistanyň Täjigistana ugradan resmi hatynda ulanan bu formulirowkasynyň nämäni aňladýandygy, neşe gaçakçylygynda Täjigistanyň raýatlarynyň tutulyp-tutulmandygy we iň esasy mesele - onlarça awtoulaga serhetden geçmäge haçan rugsadyň beriljegi mälim edilmedi.  

 

Eýranyň kompaniýalarynyň biriniň wekilleri 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolup, geçen hepdede 20 çemesi täjigistanly ýük ulag sürüjisiniň Eýranyň üstünden geçmäge we Tähran-Duşenbe reýsi bilen öz watanyna uçarly dolanmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdiler.

Eýran gatnaşygym ýok diýýär

2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler. Olar Türkmenistanyň territoriýasyna özleriniň goýberilmezliginiň sebäbini bilmeýärler. Sürüjileriň maglumatyna görä, eýran-türkmen serhedinde Täjigistana barýan onlarça ýük ulagy geçip bilmän dur. Türkmenistanyň gümrügi tranzit gadagançylygyny kommentirlemedi. 

Geçen hepdede eýran resmileri serhetde dörän bu ýagdaýa özleriniň gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdylar. Horasan-Rezawi welaýatynyň gümrük resmisi Umed Jahanhah "Lýutfabad" serhet geçelgesinde täjik ulaglarynyň tranzitine Eýran tarapyndan päsgel döredilmändigini 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

"Bir hepde mundan öň Türkmenistan Täjigistana barýan ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan tranzitini gadagan etdi. Ulaglar "Lýutfabad" barlag-geçiş punktundan yzyna dolanmaga we Eýranyň demirgazyk-günbatar serhetlerine gitmäge mejbur boldular" diýip, eýran resmisi aýtdy. 

​"Alternatiw ýollary ulanyň"

Täjigistanyň Transport ministrligi ulag sürüjilere Täjigistana aşmak üçin alternatiw ýollary ulanmagy maslahat berdi. Sürüjilere Eýranyň we Azerbaýjanyň serhetleriniň üstünden, soň Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden alternatiw ýollar bilen Täjigistana aşmak teklip edildi.

Bu ýol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan ýolundan ençeme esse uzak bolýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň serhetlerinden täjigistanly awtoulaglary geçirmezliginiň sebäpleri barada köpçülige düşündiriş bermedi. Bu mesele dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Döwlet gümrük gullugy resmi kommentariý bilen çykyş etmedi, öz websaýtlaryna resmi düşündiriş çap etmedi. 

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurdy regionyň esasy tranzit merkezleriniň birine öwürmek maksadyny yzygiderli yglan edýärler. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda ýurtda başlanan "Amul-Hazar 2018" awtorallisiniň guramaçysy fransuz sportsmeni Žan Lui Şlsser bilen geçiren duşuşygynda ýurduň global tranzit we transport sistemalarynyň ösdürilmeginde möhüm rol oýnaýandygyny ýene bir gezek nygtady.      

Awtoulaglaryň serhetden geçip bilmän duran wagtynda türkmen tarapy iki hepdeläp serhetde duran demirýol wagonlarynyň tranzitine rugsat berdi.

6-njy sentýabrda Täjigistanyň demirýol edarasyndaky çeşme Täjigistana barýan 150 çemesi demirýol wagonynyň Türkmenistanyň serhedini kesip geçendigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy. Ol türkmen kärdeşleriniň ýazan hatynda transportyň tranzitinde dörän problemalaryň ýurduň içerki kynçylyklary bilen baglydygyny mälim edendigini belledi.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Триумф воли. Как предприниматель из Барнаула в 35 лет начал бегать марафоны по 170 км

Загородный интернет. Есть готовое решение для частных домов от билайна

Музею "Царицыно" исполнилось 40 лет

Тамбовский велопутешественник Александр Осипов стал финалистом национальной премии

Музыкальные новости

Сергей Лазарев рекомендовал Казань для отпуска выходного дня

Эксперт сенсационно раскрыл загадку Мессинга и Жириновского.

ONYX отправляется в Большой тур по России

Конец близок в релизном трейлере Destiny 2: The Final Shape

Новости России

ТУСУР: драйвером кластера микроэлектроники станет центр в ОЭЗ "Томск"

Владимир Путин — игрок уровня 100. А Дюмин ещё на шаг ближе к Путину

Магнитная буря 31 мая 2024: обнародованы подробности о геомагнитном фоне в пятницу

На летние веранды ресторанов и кафе возвращается алкоголь

Экология в России и мире

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Пять морей и одно озеро: в России создадут новые круглогодичные курорты - стали известны подробности

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Спорт в России и мире

Касаткина о романе Синнера и Калинской: рада, больше ничего не хочу говорить

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Елена Рыбакина удивила решением перед Уимблдоном

Moscow.media

ALMI Partner и «Даком М» будут совместно развивать и продвигать отечественные ИТ-решения

Девятый вал...

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *