Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň mekdep mugallymlaryndan dünýä çempionaty üçin biletleriň puly alyndy

Şu aýda Aşgabadyň sport we orta mekdepleriniň işgärleri öz zähmet haklaryndan dürli maksatlar we zerurlyklar üçin saklanýan puluň möçberiniň çürt-kesik artandygyny bilip galdylar.


Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, mekdebiň zerurlyklary, agaç ekişligi we idegi üçin adatça tutulýan tutumlardan daşary soňky günlerde Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşy we ýaryşlary üçin biletleriň bahasy hem saklanyp alnypdyr.   


"Şu aýda Aşgabadyň sport mekdeplerinde agaç-ekinler üçin adatça tutulýan 20 manatdan başga-da 73 manat gazet-žurnallar üçin tutulypdyr, ýene-de 15 manat dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň bileti we 20 manat sergi üçin" diýip, Aşgabadyň sport mekdepleriniň biriniň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.     




  1-10-njy noýabrda Aşgabatda geçen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin biletleriň puly Aşgabadyň orta mekdepleriniň işgärleriniň aýlyklaryndan 15-20 manat möçberinde alnypdyr. 


Türkmenistanyň paýtagtynda 100-den gowrak orta mekdebi we 17 sany sport mekdebi bar. Mekdep mugallymlarynyň aýlygy 1800 manat töwereginde.




Türkmenistanda býujet işgärleriniň, şol sanda bilim pudagynyň işgärleriniň zähmet haklaryndan belli bir möçberde pul yzygiderli häsiýetde tutulýar. Döwlet işgärleri her aýda köçeleriň arassaçylygy, agaçlaryň idegi, döwlet metbugatyna abuna ýazylmak we häkimiýetleriň guramaçylygyndaky köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjylaryndan talap edilýän sport we baýramçylyk geýimleri hem gurallar üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär. 


Türkmenistanda döwlet metbugatyna ýazylmak işi guramaçylykly amala aşyrylýar, döwlet edara-kärhanalary puly işgäriň zähmet hakyndan tutup galýar. Türkmen metbugatyna ýarym ýyllyk abuna tölegi 70-170 manat aralygynda durýar. 


Şu ýylyň tomsunda Azatlygyň habarçylary býujet işgärleriniň aýlyklarynyň hasabyna infrastruktura gurluşygy üçin puluň toplanýandygyny habar beripdi. 




Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da Daşoguzda býujet edaralary öz işgärlerinden aýlyklaryny regiondaky binalaryň gurluşygy üçin geçirmegini talap edipdir. Işgärleriň zähmet hakynyň tutulmagy, ýurduň ösüşine goşant hökmünde iş beriji gurama tarapyndan amala aşyrylýar. 







Türkmenistanyň ilatyndan sport çärelerine pul toplamak tejribesi öňden bäri dowam edýär. Tomsuň başynda Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärleri tigirli ýörişe görülýän taýýarlyklar üçin pul tabşyrmaga mejbur edilipdi.    


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň döwlet sport komitetiniň dilden beren tabşyrygyna laýyklykda, sport mekdepleriniň müdirleri 3-nji iýunda geçirilen köpçülikleýin tigirli ýörişe niýetlenen tigirler, sport geýimleri, baýdajyklar we beýleki zerur esbaplar üçin pul toplapdyr. 


Geçen ýylda Türkmenistanyň döwlet edaralary 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary üçin öz aýlyklaryndan pul tabşyrmaga mejbur bolupdy. Hususan-da, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklaryndan 15-20% töwereginde pul saklanypdy.     

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *