Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Ноябрь
2018

Новости за 12.11.2018

Azathabar.com 

Aşgabatda çörek gytçylygy duýulýar

Eýýäm soňky birnäçe aý wagt bäri ýurduň regionlarynda dowam edýän un-çörek gytçylygy we gymmatçylygy indi paýtagt Aşgabatda-da ýiti duýulýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň mekdep mugallymlaryndan dünýä çempionaty üçin biletleriň puly alyndy

Şu aýda Aşgabadyň sport we orta mekdepleriniň işgärleri öz zähmet haklaryndan dürli maksatlar we zerurlyklar üçin saklanýan puluň möçberiniň çürt-kesik artandygyny bilip galdylar. Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, mekdebiň zerurlyklary, agaç ekişligi we idegi üçin adatça tutulýan tutumlardan daşary soňky günlerde Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşy we ýaryşlary üçin biletleriň bahasy hem saklanyp alnypdyr.    "Şu aýda Aşgabadyň sport mekdeplerinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen samboçylary Dünýä çempionatynda 4 bürünç medal aldylar

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 9-11-nji noýabr aralygynda sambo we söweş sambo göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dört bürünç medaly almagy başardylar. Mundanam başga, 7-11-nji noýabr aralygynda Polşanyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistanyň garyşyk söweş tärleri boýunça saýlama topary ýedi – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medal aldylar.

Azathabar.com 

Makron, Merkel Ukrainanyň gündogarynda separatistleriň geçiren saýlawyny tankytladylar

Fransiýa we Germaniýa Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň geçiren saýlawlaryny “bikanun” diýip atlandyrdylar. Kiýew we onuň halkara goldawçylary 11-nji noýabrda separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk we Luhansk regionlarynda geçirilen saýlawlaryň 2014-nji ýylda başlanan konflikti togtatmak ugrundaky tagallalara zarba urýandygyny aýtdylar. Bu konfliktde 10 müň 300 töweregi adam heläk boldy. Emma, Moskwa Donetskiň we Luhanskyň ýolbaşçylaryny, şeýle-de ýerli kanunçylygyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Finlýandiýa GPS-iň işine Russiýanyň goşulyp-goşulmandygyny derňeýär

Finlýandiýa NATO-nyň geçirýän harby türgenleşik döwri Russiýanyň Laplandiýadaky sputnik nawigasiýa ulgamynyň, ýagny GPS-iň işine goşulyp-goşulmandygyny derňeýändigini mälim etdi. Bu barada ýurduň premýer-ministri Juha Sipila çykyş etdi. Mundan birnäçe gün öň, Finlýandiýanyň howa gullugy ýurduň demirgazyk sebitlerinde GPS ulgamynda uly näsazlyklaryň bolup geçýändigi barada duýduryş yglan edipdi. Goňşy Norwegiýa hem oktýabryň aýagynda, haçanda NATO-nyň giň gerimli harby türgenleşikleri başlananda... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-da Demokratlar Muelleriň derňewini gorajak kanunçylygy hödürläp biljekdiklerini aýdýarlar

ABŞ-da Demokratlaryň öňdebaryjy wekili Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy diýilýän ýagdaýlary we prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasy bilen gatnaşyk saklan bolmagynyň mümkindigi baradaky ýagdaýlary seljerýän derňewi gorajak kanunçylygy hödürlemäge taýýarlanýandyklaryny aýtdy. Senatdaky azlygyň lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) eger-de baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiriji Matt Whitaker derňewe gözegçilik etmekden çekilmese, onda Ýörite Geňeşçi Robert Muelleri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bolgariýada ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy protest geçdi

Bolgariýada müňlerçe adam ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna we girizilen salgytlaryň artdyrylmagyna garşy protest geçirdiler, şeýle-de magistral ýollaryny we köçeleri böwetlediler. Sofianyň merkezinde 2 müňden hem aşa adam milli baýdaklary galgadyp ýöriş geçirdi. Protestçiler “Mafiýa” we “Bolugsyzlyk” diýen şygarlary hem gygyrdylar. Demonstrasiýalar ýurduň beýleki 20 töweregi şäherinde hem geçirildi. Sürüjileriň onlarçasy uly ýollary petiklediler. Protestçileriň käbiri premýer-ministri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň ozalky ministri maliýe galplyklarynda aýyplanýar

Eýranda ýurduň ozalky bolçulyk we jemgyýetçilik howpsuzlygy minstri maliýe galplyklarynda aýyplanyp tussag edildi. Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, Pariz Kazemi geçen anna güni Tähranyň Ewin türmesine äkidilipdir. Kazemi 2006-njy ýylda şol wagtky prezident Mahmud Ahmadinejad bilen oňuşman ministr wezipesinden çekilipdi. Şondan soň, ol maliýe pudagynda işledi. Ahmadinejadyň ýaranlarynyň ençemesi howpsuzlyk ýa-da maliýe galplyklarynda aýyplanyp, türmä basylypdy.

Azathabar.com 

Owganystanda çaknyşyklarda onlarça adam öldürildi

Owganystanyň Gazni welaýatynda jeňçiler bilen ýüze çaknyşykda parahat ilatyň arasyndan 15 adam we owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 10 adam öldi. “Talbyan” jeňçileri aglaba şaýy etniki hazaralaryň ýaşaýan Jaghori welaýatyna 7-nji noýabrda hüjüm edipdiler. Merkezi hökümet ýerli güýçlere goldaw hökmünde özüniň ýokary taýýarlykly harby toparyny ýollady. Ýerli polisiýa resmisi ýekşenbe güni howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan dört gullukçynyň hem ýaralanandygyny habar berdi. Şol bir wagtda... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *