YD Magnitogorskdaky jaýy ýarandygyny aýdýar; Moskwa partlama gazyň sebäp bolandygyny nygtaýar
31-nji dekabrda Magnitogorskda jaýyň agmagy netijesinde 39 adam ölüpdi.
“Derňewçiler betbagtçylygyň ilkinji gününden bäri partlama sebäp bolup biljek ähli mümkinçilikleri seljerýärler. Wakanyň bolan ýerinden alnan galyndylarda partladyjy serişdeleriniň tapylmandygyny bellemelidir” diýip, Derňew komitetiniň metbugat wekili çykyş etdi.