Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2019

Новости за 18.01.2019

Azathabar.com 

gokdepe barada

Bu günki gepleşigimizde Gökdepe söweşi we Hatyra güni barada gürrüň edýäris. Soňky 4 ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl hem türkmenistanlylar 12-nji ýanwarda Hatyra gününi resmi däl görnüşde bellediler. Resmi Aşgabat 2015-nji ýyldan bäri Hatyra gününi 12-nji ýanwarda ýatlamaýar. Sözümiziň başynda maglumat üçin aýdylsa, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni, Rus imperiýasynyň harby goşunlary general Skobelewiň ýolbaşçylygynda häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasyny syndyrdy, müňlerçe adam wepat boldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýaşaýjylary suwuň 'mugt' döwri üçin jerimä sezewar edilýär

Türkmenistanyň ilaty ozalky ýyllarda sarp eden suwy üçin tölemäge mejbur edilýär we jerimelere sezewar bolýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, köp ýaşaýjylar jerimeler we olaryň mukdary barada habarsyz galýarlar, sebäbi resmi bildiriş berilmeýär. “Indi Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan jerime görnüşde ägirt uly mukdarda pul alýarlar. Üstesine 2015-2016-njy ýyllarda ulanylan suw üçin töleg talap edýärler. Şonda köp gatly jaýlarda 30 we 40 manat alynýardy, plan jaýlarda has ýokarydy. Читать дальше...

Azathabar.com 

YD Magnitogorskdaky jaýy ýarandygyny aýdýar; Moskwa partlama gazyň sebäp bolandygyny nygtaýar

Russiýanyň Derňewler boýunça Komiteti geçen aý Magnitogorsk şäherinde ýüze çykan adam heläkçilikli partlama gazyň syzyp çykmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Mundan öň, “Yslam döwleti” ekstremistik topary partlamany özüniň amala aşyrandygyny öňe sürdi. 31-nji dekabrda Magnitogorskda jaýyň agmagy netijesinde 39 adam ölüpdi. “Derňewçiler betbagtçylygyň ilkinji gününden bäri partlama sebäp bolup biljek ähli mümkinçilikleri seljerýärler. Wakanyň bolan ýerinden alnan galyndylarda partladyjy serişdeleriniň tapylmandygyny bellemelidir” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow maslahat geçirdi, ýene-de

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir iş maslahatyny geçirendigini, onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredilendigini habar berdi. Ýeri gelende bellesek, penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýadan bir gün öň, ýagny 16-njy ýanwarda geçirilen maslahatda hem ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň programmasynyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak sudy Denis Teni öldüren iki adamy türme tussaglygyna höküm etdi

Gazak sudy buzda figuralaýyn typyjy Denis Teni öldürmekde aýyplanýan iki adamy günäli tapyp, olaryň her birini 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Almatynyň sudy Arman Kudaýbergenowyň we Nuraly Kiýasowyň hökümlerini 17-nji ýanwarda çykardy. Aýyplanýanlaryň üçünjisi Žanar Tolybaýewa jenaýaty habar bermezlikde günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ten 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, bürünç medal utmak bilen, olimpiýa medalyny utan ilkinji gazak buzda typyjysy bolupdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda Hytaýa garşy protest geçirenlere jerime salyndy

Gyrgyzystanda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan musulmanlara garşy Pekiniň alyp barýandygy aýdylýan syýasatyna garşy protest geçirenlere pul jerimesi salyndy. Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 21 aktiwist jemgyýetçilik düzgünini bozmakda günäli tapylyp, olaryň her birine 3 müň som ($45) möçberinde jerime salnypdyr. Aktiwistler 17-nji ýanwarda 500 töweregi adamyň Bişkegiň Ala-Too meýdançasynda geçiren ýörişiniň dowamynda tussag edilipdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan prezidenti “Talyban” bilen gepleşiklerde berýän kömegi üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi

Owganystanda barýan 17 ýyllyk urşy tamamlamak boýunça alnyp barylýan diplomatiki tagallalaryň çäginde, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrundaky berýän kömegi üçin Pakistana minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada Pakistanyň hökümetiniň metbugat edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Mundan öň, Owganystanyň goňşy Pakistan bilen gatnaşyklary ýygy-ýygydan dartgynlaşyp, Kabul Yslamabady “Talybana” hemaýat bermekde dowamly aýyplap gelýärdi. Pakistan resmileri bu aýyplamalary ret edip... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *