Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystanyň polisiýasy Nowruz günleri ençeme şäherde protestçileri tussag etdi

Gazagystanyň polisiýasy häkimiýetleriň paýtagtyň adyny wezipeden çekilen prezident Nazarbaýewiň hormatyna Nursoltana öwürmek kararyna garşylyk bildirip, 22-nji martda Astanada, Almatyda, we ýene birnäçe şäherde köçä çykan protestçileriň onlarçasyny tussag etdi. 


Tutha-tutluklar Nowruz baýramçylygynyň bellenýän döwrüne gabat geldi. Astanada polisiýa ofiserleri plakatlary göterip duran protestçiler bilen ýakalaşdy we olary tussag edip, ýany bilen alyp gitdi. 


"Nastoýaşeýe Wremýa" telewideniýesiniň habarçysy Swetlana Gluşkowa tussag edilenleriň arasynda boldy. Şol bir wagtyň özünde-de, baýramçylyk geýimlerine geýnen erkek adamlar we aýal maşgalalar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Astanadaky habarçylarynyň daşyny gabap, protestçileriň tussag edilmegini surata almagyna päsgel bermäge çalyşdy.


"Bu Nowruz! Biz barada habar beriň!" diýip, toý çäreçileri habarçylaryň daşyna üýşdüler we olaryň kameralaryny gazet bilen ýapyp, tutha-tutluklaryň ýazga alynmagyna päsgel berdiler.  


21-nji martda Astananyň polisiýasy paýtagta Nazarbaýewiň adynyň dakylmagyna protest bildiren 20 çemesi adamy tussag etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *