Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2019

Новости за 22.03.2019

Azathabar.com 

Eýranyň demirgazygyna sil geldi

Eýranyň Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryny sil suwy basdy. Bu welaýatlarda türkmenler köpçülikleýin ýaşaýarlar. Gülistan welaýatynyň Akgala şäheriniň etrapçalarynda sil suwunyň beýikligi bir we bir ýarym metr aralygynda saklanyp galýar.

Azathabar.com 

Gazak polisiýasy ýurduň ençeme şäherinde protestçileri tussag etdi

22-nji martda polisiýa Gasagystanyň paýtagty Astanada, şeýle hem Almaty we Şimkent şeherlerinde hökümetiň ýurduň paýtagtynyň adyny öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew diýip üýtgetmek baradaky kararyna närazylyk bildirip, prostest geçiren onlarça adamy tussag etdi. Bu iş gazak prezidenti özüniň wezipeden çekilýändigini yglan edeninden sanlyja gün soňra bolýar. Adamlaryň tutulmagy Nowruz mynasybetli geçirilýän baýramçylyga gabat geldi. Astanada polisiýa işgärleri elleri protest plakatly birnäçe adam bilen çaknyşyp, olary tutup, alyp gitdiler.

Azathabar.com 

Türkmenistanda esgerler gulluga çagyryldy, goranmak ministri käýinç aldy

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş yglan edildi. Prezidentiň 20-nji martda gol çeken kararyna görä, 18 ýaşy dolan raýatlar 2019-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga çekiler, agzalan döwürde harby gulluk möhletini tamamlan raýatlar ätiýaçlyga çykarylar. Resmi maglumatlara görä, munuň bilen bilelikde harby taýýarlykda tapawutlananlar sylaglanar. Türkmenistanda raýatlar iki ýyl möhletli harby gulluga ýylyň dowamynda iki gezek baharda hem güýzde çagyrylýar. ... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bereket etrabyny sil suwy basdy; onlarça maşgala mekdeplere göçürildi

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň onlarçasyna zeper ýetdi, onlarça maşgala orta mekdepleriniň binalaryna göçürildi we Bereketdäki halkara demirýol stansiýasy ýapyldy.

Azathabar.com 

Türkiýe, Eýran we Siriýa Trampyň Ysraýylyň Golan depelere gözegçiligini goldamagyny ýazgardylar

Türkiýe, Eýran we Siriýa ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Golan depelere gözegçiliginiň Waşington tarapyndan ykrar edilmelidigi barada eden çykyşyny ýazgardylar. Orsýet Trampyň bu beýanatynyň "diňe bir çagyryş" bolmagynda galjagyna umyt bildirdi. Tramp ABŞ-nyň Siriýa tarapyndan 1967-nji ýylda basylyp alnan dawaly Golan depelerine Ysraýylyň gözegçiligini "doly" goldamagyna wagtyň geljegini aýtdy. Golan depeleri "Depeleriň Ysraýyl döwleti we regionyň durnuklylygy üçin iňňän uly strategik we howpsuzlyk ähmiýeti bar" diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň polisiýasy Nowruz günleri ençeme şäherde protestçileri tussag etdi

Gazagystanyň polisiýasy häkimiýetleriň paýtagtyň adyny wezipeden çekilen prezident Nazarbaýewiň hormatyna Nursoltana öwürmek kararyna garşylyk bildirip, 22-nji martda Astanada, Almatyda, we ýene birnäçe şäherde köçä çykan protestçileriň onlarçasyny tussag etdi.  Tutha-tutluklar Nowruz baýramçylygynyň bellenýän döwrüne gabat geldi. Astanada polisiýa ofiserleri plakatlary göterip duran protestçiler bilen ýakalaşdy we olary tussag edip, ýany bilen alyp gitdi.  "Nastoýaşeýe Wremýa" telewideniýesiniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanda ABŞ-nyň iki harbysy wepat boldy

NATO-nyň Owganystandaky missiýasy ABŞ-nyň iki harbysynyň amala aşyrylan operasiýalaryň dowamynda wepat bolandygyny habar berdi. 22-nji martda edilen beýanatda "Aýgytly ýardam" missiýasy tarapyndan ýagdaýyň jikme-jikleri barada habar berilmedi, wepat bolanlary atlary hem agzalmady. "Talybanyň" ABŞ bilen geçirýän gepleşiklerine garamazdan, Owganystanda zorluklar dowam edýär. Şu aýyň başynda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny taraplaryň ikisi-de mälim edipdi, emma hiç hili ylalaşyga gol çekilmändi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýetiň sudy 20 ýaşly ukrainalyny 'terrorçylyk' bilen baglylykda alty ýyl türmä höküm etdi

Orsýetiň sudy Ukrainanyň 20 ýaşly raýaty Pawlo Hryby "terrorizmi mahabatlandyrmak" aýyplamasynyň esasynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Hryb bu aýyplamalary ret edýär.  Demirgazyk Kawkazyň Rostow-na-Donu şäheriniň sudynyň çykaran kararyny 21-nji martda yglan eden pursadynda Hryb özüniň bigünädigini aýdyp, açlyk yglan etdi.    Hryb 2017-nji ýylyň awgust aýynda onlaýn tanyşan aýal bilen duşuşmak üçin Belarusa barandan soň ýitirim bolupdy. Onuň garyndaşlary ýigidiň Orsýetiň Federal Howpsuzlyk... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *