YD Kaşmirde bolan çaknyşykdan soň Hindistanda 'welaýat edindim' diýýär
YK bilen baglanyşykly “Amak” habar gullugy 10-njy maý güni giçlik bu aýdylýan täzeligi aýan edip, YD ýolbaşçylarynyň ol welaýaty “Hind welaýaty” diýip yglan edendiklerini habar berdi.
Şeýle-de bu beýanatda YD-nyň hindi dolandyryşyndaky Kaşmiriň Amşipora şäheriniň Şopian etrabyndaky hindi esgerlerine zarba urandyklary aýdylýar.
YD-nyň beýanaty Hindistanyň 10-njy maýdaky polisiýa beýanatyna gabat gelýär, ol beýanatda Ishfak Ahmad Sofi atly jeňçiniň Şopianda bolan çaknyşykda öldürilendigi aýdylýar.
YD-nyň bu beýanaty jeňçi guramanyňaprelde Yrakda we Siriýada yglan eden “halyfatyndan” kowlup çykarylandan soňky ýagdaýyny ýuwmarlamaga gönükdirilene meňzeýär.
Şondan bäri Yd urup-gaçmak we janyndan geçen hüjümçileri ulanmak çärelerini güýçlendirdi, şol sanda Şri-Lankada 253 adamy öldüren pasha hüjümleriniň hem jogapkärçiligini öz üstüne aldy.