Merkel Demirgazyk akym-2 proýektiniň geljegini şübhe astyna goýdy
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ukrainanyň gaz tranziti boýunça rolunyň aýdyňlaşdyrylmadyk ýagdaýynda Orsýeti we Germaniýany baglaýan täze gaz geçirijisi bilen baglylykda öňegidişligiň bolup bilmejegini aýtdy. "Men Demirgazyk akym-2 proýektiniň Ukrainanyň tranzit rolunyň geljegi kesgitlenmezden mümkin däldigini açyk aýtdym” diýip, Merkel Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen 10-njy aprelde Berlinde geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy. Merkel munuň ykdysady däl-de, syýasy meseledigini belledi. Читать дальше...