Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Апрель
2018

Новости за 24.04.2018

Azathabar.com 

Lukaşenka öz ýyllyk çykyşynda Günbatary we Orsýeti ýazgardy

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka özüniň ýyllyk çykyşynda Günbatary we Orsýeti ýazgaryp, Günbatar ýurtlaryny “söwda uruşlaryny gozgamakda” aýyplady, Orsýetiň bolsa belarus harytlaryny öz bazarlaryndan gysyp çykarmagyny tankyt etdi. 24-nji aprelde parlamentiň öňüne eden telewizion çykyşynda Lukaşenka Orsýete “üzňelik” barada duýduryş etdi we Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagynyň Belarusyň ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyga bolan islegini böwetlemejegini belledi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow, Mirziýoýew Daşkentde “Aşgabat” seýil bagyny açdylar

Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri Daşkentde gurlan “Aşgabat” atly seýil bagyň açylyş dabarasyna bilelikde gatnaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana eden döwlet saparynyň dowamynda 23-nji aprelde geçirilen açylyş dabarasynda iki ýurduň prezidentleriniň simwoliki lentany kesip “Aşgabat” parkyny açandygyny döwlet mediasy habar berdi. Daşkentiň merkezinde 10 gektar meýdanda geçen ýylyň güýzünde gurlan park 2017-nji ýyldan bäri türkmen klasigi Magtymgulynyň adyny göterýän köçäniň golaýynda ýerleşýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Zarif ne Eýranyň, ne-de Saud Arabystanynyň regionyň esasy güýji bolup biljegini aýtdy

Eýranyň daşary işler ministri ne Eýranyň, ne-de Saud Arabystanynyň Ýakyn Gündogarda iň täsirli güýç bolup biljegini belledi we Pars aýlagyndaky ýurtlary bir-biri bilen gepleşip başlamaga çagyrdy. “Regionda iň güýçli bolmak, bir-birini çetleşdirmek ugrundaky tagallalarda biz regiony ýumurmagy başardyk” diýip, Muhammad Jawad Zarif 23-nji aprelde Nýu Ýorkda Daşary gatnaşyklar boýunça geňeşinde eden çykyşynda aýtdy. Zarif “üýtgeşiklige uly zerurlyk bar” we “Eýran muňa taýýar, sebäbi biz bu reallygy makullamak üçin ýeterlik derejede giň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hyratda TOPH-a garşy dildüwşen talybanlar ele salyndy

Owganystanyň demirgazygyndaky Hyrat sebitinde yglan edilen günägeçişlikden peýdalanmak üçin, hökümet güýçlerine meýletin boýun egen talyban söweşijileri özleriniň doly ýaraglanyp, Eýrandan TOPH geçirijisiniň gurluşygyna garşy hüjüm gurnamak barasynda buýruk berlendigini aýdýarlar.

Azathabar.com 

ABŞ Rusal babatynda sanksiýalary gowşadyp biljegini duýdurdy

Birleşen Ştatlar Orsýetiň iň uly alýuminiý öndüriji kompaniýasynyň müşderilerine sanksiýalaryň täsirinden saplanmak üçin has köp wagt berýändigini aýdýar we “Rusal” kompaniýasynyň esasy eýeleriniň biri we onuň aksiýalarynyň 48% eýe bolan oligarh Oleg Deripaska kompaniýa gözegçiligini elden berse, sanksiýalary ýatyryp biljekdigini duýdurýar. ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň sanksiýalaryň sähel gowşadylmagynyň ähtimallygy barada 23-nji aprelde eden bu beýanaty Rusalyň aksiýalarynyň bahasynyň 15 prosent ýokarlanmagyna sebäp boldy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ermenistan ermenileriň Osman imperiýasyndaky gyrgynçylygynyň ýyl dönüminde matam tutdy

Ermenistan Birinji Jahan Urşy döwründe ermenileriň Osman imperiýasynda gyrylmagynyň ýyl dönümini belledi. Bu sene ýurdy uzak wagtlap dolandyran lider Serž Sarkisianyň protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çekilmeginiň bir gün yzýanyna gabat geldi. Ermenistanyň genosid diýip atlandyrýan gyrgynçylygyň hatyrasyna 24-nji aprelde geçirilen matam dabaralaryndan bir gün öň Ýerewanda we ýurduň beýleki şäherlerinde müňlerçe protestçi Sarkisianyň wezipesinden çekilmegini toýlady. 11 günläp dowam... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pensionerleriň plastik kart kösençlikleri

Türkmenistanda şu aýyň başyndan ýaşy 65-e ýetmedik pensionerlerden, pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan däl-de, bankomatlardan nagtlaşdyrmagy talap edilip başlanmagy netijeside, ýaşuly nesliň her dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyna üns çekilýär.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *