Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2020

Новости за 23.07.2020

Azathabar.com 

Darganatalylar üç aý bäri ýagyň satylmagyna garaşýar

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda hökümet tarapyndan döwlet dükanlarynda satylmaly arassalanmadyk ösümlik ýagy indi üç aý bäri satuwa çykarylmaýar. Üstesine-de, ýaşaýjylar iýun aýy üçin "paýok" görnüşinde berilmeli uny heniz-de satyn alyp bilmän kösenýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

Azathabar.com 

Aşgabatda soňky gije-gündizde azyndan 6 adam COVID-19 alamatly keselden ýogaldy, gonamçylykda ýüzlerçe täze mazar döredi

Soňky gije-gündizde Azatlykyň habarçylaryna Aşgabatda COVID-19 alamatly keselden ölen azyndan 6 adama degişli ýagdaýlaryň jikme-jikleri mälim boldy. Bu wagtda paýtagtyň gonamçylyklarynda yzygiderli jaýlanyş çäreleri, ýüzlerçe awtoulag we köp sanly täze mazarlary görmek bolýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler.

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Hytaýyň konsulhanasyny ýapmagy buýurmagyndan soň, dartgynlylyk artýar

Döwlet departamenti Pekine Hýuston konsulhanasyny içalyçylyk aýyplamalary sebäpli ýapmak üçin 72 sagat berenden soň, prezident Donald Tramp Hytaýyň ABŞ-daky has köp konsulhanasynyň ýapylmagyny buýurmagynyň “elmydama mümkindigini” aýtdy. Döwlet departamenti 22-nji iýulda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy bilen amerikalylaryň intellektual eýeçiligini we şahsy maglumatlaryny “goramak üçin” Hytaýyň Hýustondaky konsulhanasyny ýapmagy buýruk berýändigini aýtdy. Dünýäniň iň uly iki... Читать дальше...

Azathabar.com 

Farapda bankomat nobatlaryndaky ýakalaşykda bir aýal öldi. Aşgabatda bankomatlaryň sany azaldylýar

Türkmenistanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalar has-da erbetleşýär. Lebabyň Farap etrabynda bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň arasynda dörän uruş-dawada bir aýal heläk boldy. Aşgabatda ilat bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýän mahaly, şäherdäki bankomatlaryň sany azaldylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç habarçysy Lebapdan we Aşgabatdan habar berýär.

Azathabar.com 

Ukrainada ýaraşyk ylalaşygy gazanyldy

ÝHHG-nyň, Russiýanyň we Ukrainanyň gepleşikçileri 27-nji iýuldan gündogar Ukrainada ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyk gazandylar. “Ýaraşygyň doly we hemmetaraplaýyn tertibi, garşy tarap ony berjaý eden halatynda, Minsk ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegi üçin esasy şert bolup, bu şertnamalaryň beýleki düzgünleriniň durmuşa geçirimegine ýol açýar” diýip, ukrain prezidentiniň edarasy 22-nji iýulda aýtdy. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý geçen ýyl gündogar Donetsk we Lugansk regionlarynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Sentýabrda dünýä liderleri BMG-niň Baş Assambleýasyna wideo çykyşlaryny ugradarlar, özleri barmazlar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä liderleri bu ýyl sentýabrda Birleşen Milletleri Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka barmazlar. 22-nji iýulda 193 agzaly Baş Assambleýanyň alan kararyna görä, dünýä bileleşigi 75 ýyllygyny belleýän mahaly dünýä liderleri BMG-da fiziki duşuşygyň ýerine wideolaryny ibererler. “Her agza döwlet, synçy döwlet we Ýewropa Bileleşigi döwlet baştutanynyň, wise-prezidentiň, täç geýen şazadanyň ýa-da şa gyzynyň, hökümet baştutanynyň, ministriň ýa-da... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynyň synçy derejesini aldy

Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş geňeşi 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Ženewada geçiren nobatdaky ýygnagynda Türkmenistana Guramanyň synçy derejesini bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Baş geňeş bu çözgüdi Türkmenistanyň Gurama goşulmak hakynda beren ýüzlenmesine seredenden soň, kabul etdi. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşan türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak işiniň başlangyçlary barada çykyş edipdir. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *