Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2020

Новости за 27.07.2020

Azathabar.com 

COVID-19: Maryda günde ortaça 30 adam ölýär, şypahanalar karantin zolaklaryna öwrülýär. Gribe garşy dermanlar gytalýar

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny aýdýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marynyň keselhanalarynda günde ortaça 30 adamyň ölýändigini, welaýatdaky şypahanalaryň karantin zolaklaryna öwrülýändigini habar berýärler. Maryda, Lebapda we Aşgabatda adaty grip dümewine garşy dermanlar gytalýar.

Azathabar.com 

Türkmen aktiwistleri Waşingtonda bir günde üç sany çykyş taýýarlaýar

ABŞ-da ýaşaýan türkmen raýatlary Türkmenistanyň hökümetinden nägileligini bildirmek üçin nobatdaky protest aksiýasyny guramalaşdyrýarlar. 29-njy iýulda Waşingtonda bir günde üç sany miting geçiriler. Birinji çykyş ýerli wagt bilen 11:30 BSG-niň binasynyň öňünde başlanar. Türkmenistanly aktiwistleriň taýýarlaýan çykyşlary barada guramaçylaryň biri Olga Çaryýewa bilen söhbetdeş bolýarys.

Azathabar.com 

Gallup: ABŞ häkimiýetlerine bildirilýän ynam iň köp Türkmenistanda ýokarlandy

Geçen ýyl dünýäde Birleşen Ştatlaryň häkimiýetlerine bildirilýän ynam boýunça iň uly ýokarlanma Türkmenistanda hasaba alyndy. Gallup barlaglar merkeziniň soňky hasabatyna görä, Türkmenistanda ABŞ häkimiýetlerine bildirilýän ynam geçen ýyl 2018-nji ýyldaky 30% görkezijiden 32 dereje ýokarlanyp, 62%-ne deň bolupdyr. Gallup barlaglar merkeziniň “Dünýä Liderleriniň Reýtingi” sanawy 2007-nji ýyldan bäri düzülip, onda dünýäniň iri dört döwletiniň: Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Germaniýanyň we Hytaýyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda adamlar ýaby etinden, itiň çorbasyndan derman gözleýärler

Koronawirus epidemiýasynyň ýitileşmegi bilen gyrgyzystanlylar her hili azyk iýmitinden haraý gözläp başladylar. Käbirleri «öýkendäki keseli bejerýärmiş» diýip, it etini iýýärler, başgalar «immuniteti ýokary kadada saklaýar» diýip, baýtal süýdüni içmek üçin ýaýla gidýär. At-Başy raýonynda soňky wagtlarda ýabylary köp soýup başladylar. Ilat arasynda, «at etini iýip, çorbasyny içseň, organizme koronawirusa garşy göreşmäge ýardam berýärmiş» diýen maglumat ýarapdyr. Köp gyrgyzystanlylar ýaýla gidip... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG: Şu ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda 1200-den gowrak raýat öldi

BMG-nyň Owganystandaky wekilhanasy (UNAMA) 27-nji iýulda çap eden hasabatynda ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda 1,282 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny, şol bir wagtyň özünde ýene 2176 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Hasabatda 340 çaganyň wepat bolandygy we 727 caganyň ýaralanandygy aýdylýar. "Owganystanyň hökümetiniň we 'Talybanyň' arasyndaky parahatçylykly gepleşikler üçin bir ýere jemlenmegine taryhy pursadyň dörän döwürde pajygaly hakykat söweşleriň her gün parahat ilata agyr zeper ýetirýändigini görkezýär" -diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pandemiýa möwç alýar, ýurtlar wirusa bilen täzden göreşýär

Ýer şaryndaky saglyk işgärleri koronawirusyň täzeden ýaýramagy bilen göreşýärler. Bilermenler 650 000 adamy öldüren wirusyň ýokaşmak depgininiň ozal haýallaşan ýerlerinde-de ony saklamagyň nähili kyn boljakdygyny belleýärler. Hytaý wirusy gözegçilik astyna alandygyny aprel aýynda yglan edeli bäri kesellänleriň gündelik sanynyň iň ýokary görkezijisini habar berdi. Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, şol sanda Ispaniýada, Fransiýada we Germaniýada keseliň ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar. Dünýädäki... Читать дальше...

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa COVID-19 bolmagy güman edilýän ilkinji ýagdaýy habar berdi

Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri ýurtda koronawirus ýokaşmagynyň mümkinçiligi barada ilkinji gezek yglan etdiler. Resmi agentlik KCNA Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň "Ýurda rehimsiz wirusyň girendigini aýdyp bolar" diýip, aýdan sözlerine salgylanýar. Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri wirusyň Günorta Koreýa gaçyp üç ýyl geçensoň, 19-njy iýulda öz watanyna gaýdyp gelen gaçakçyda güman edilýändigini öňe sürdi. Serhetdäki Kaesong şäherinde karantin düzgüni girizildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Hytaý bilen dartgynlylygyň arasynda Çendudaky konsullygyny ýapýar

ABŞ Çengdudaky öz konsullygyny Hýustondaky konsullygyny ýapan Hytaýyň eden talabyndan soň ýapdy. Hytaýyň döwlet telewideniýesi, Çendu konsullygynda Amerikan baýdagynyň irden düşürilişiniň wideosyny görkezdi, bu aralykda konsullygyň işgärleri özlerine berlen wagt möhleti gutarmanka binany terk etmäge synanyşýardylar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti diplomatik edarasynyň öz işini togtatandygyny, Hytaýyň günorta-günbataryndaky konsullygyň “35 ýylyň dowamynda Günbatar Hytaýdaky adamlar, şol sanda Tibet... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *