Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2021

Новости за 10.02.2021

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy türkmen kanunçylygynyň “gyzyl çyzyk” talaby sebäpli togtadyldy

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy onuň türkmen şähergurluşyk kanunçylygyna gabat gelmeýändigi sebäpli togtadyldy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Baş barlagçy edarasynyň (Office of the Inspector General – OIG) bir ýyl mundan ozal, 2020-nji ýylyň fewralynda ýaýradan degişli hasabatynda aýdylýar. Türkmen paýtagtyndaky ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň togtadylmagy barada ilkinji bolup, Turkmen.news neşiri 8-nji fewralda habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi

Ençeme aýa çeken arakesmeden soň, geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan çilim peýda bolup, ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda dawa-jenjel, hatda ýumruklaşma çenli baryp ýeten zorluk ýüze çykansoň, Türkmenabatda arzan çilimiň söwdasy ýene bes edildi. Maryda çilim üçin döwlet dükanlarynyň öňünde tas müň adamlyk nobatlar emele geldi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy 10-njy fewralda habar berdi.

Azathabar.com 

Gazagystanda Hytaý konsulhanasynyň öňünde protest geçiren adam tussaglyga höküm edildi

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda sud Hytaý konsulhanasynyň öňünde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde tussaglykda saklanýan dogany barada maglumat sorap, piket geçiren gazak raýatyny 10 gün türme tussaglygyna höküm etdi. 10-njy fewralda sud Baýbolat Kunbolatulyny köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanuny bozmakda günäli tapyp, ony 10 gün tussaglyga höküm etdi. Mundan bir gün öň, Kunbolatuly we ýene-de dokuz adam, aglaba aýallar ýakynlarynyň Şinjiangyň “täzeden terbiýeleýiş”... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Senaty Trampyň impiçment diňlenişigini dowam etdirmek boýunça ses berdi

ABŞ-nyň Senaty ozalky prezident Donald Trampyň ikinji impiçment diňlenişigini geçirmek boýunça ses berdi. Emma Respublikançylar öz garaýyşlaryny üýtgetmeseler, Trampa hökümiň çykarylmagynyň ähtimallygynyň azdygy bellenilýär. 9-njy fewralda Senat sesleriň 56-44 gatnaşygy bilen Trampyň 6-njy ýanwarda Kapitola edilen hüjüm bilen baglylykda “gozgalaňy öjükdirmek” boýunça günäli ýa däldigi barada diňlenişigiň resmi ýagdaýda başladylmagyna ýol açdy. Deň ýarpa bölünen Senatda alty Respublikançy hem diňlenişigiň geçirilmegini oňlap... Читать дальше...

Azathabar.com 

Burmada hökümete garşy protestçiler, polisiýanyň gazaplylygyna garamazdan, ýene köçelere çykdylar

Burmada adamlar harbylaryň hökümet agdarylyşygyndan bäri geçirilýän protestleriň gazaplylyk bilen basylyp ýatyrylmagynyň ertesi güni ýene-de köçelere çykdylar. 10-njy fewralda müňlerçe adam tertip bäşinji gün ýurduň paýtagty Neýpidoda, iň iri şäherleri Ýangonda we Mandalaýda, şeýle-de beýleki künjeklerinde, ýygnanmak baradaky gadagançylyga we kommendant sagadyna garamazdan, protest geçirdiler. Mundan bir gün öň, polisiýa protestçileri dargatmak synanyşygynda demonstrantlara garşy suw toplaryny... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nawalnynyň egindeşi Wolkow gözlenýänleriň sanawyna goşuldy

Russiýanyň Derňew komiteti tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ýakyn egindeşleriniň biri Leonid Wolkowy ýurduň gözlenýän şahsyýetleriniň sanawyna goşandygyny mälim etdi. Mundan başga-da, 10-njy fewralda Moskwanyň Basmannyý sudy Derňew komitetiniň Nawalnynyň tutuş ýurt boýunça toparlarynyň toruna ýolbaşçylyk edýän Wolkowyň tussag edilmegi boýunça höküm çykarmak barada resmi ýagdaýda ýüz tutandygyny mälim etdi. Wolkow häzir Russiýanyň daşyndaky aýdyňlaşdyrylmaýan bir ýurtda ýaşaýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Demokratiýa indeksi boýunça yzdan altynjy

Türkmenistan Britaniýanyň “The Economist” žurnalynyň çap eden Demokratiýanyň indeksi boýunça hasabatynda 167 ýurduň arasyndan 162-nji orny eýeledi. Muňa turkmen.news internet neşiri ünsi çekýär. Hasabatda Türkmenistan mümkin 10 baldan 1,72 baly aldy. Ol “awtoritar režimli” ýurtlaryň sanawynda ýerleşdirildi. Türkmenistandan soňky orunlary Çad, Siriýa, Günorta Afrika Respublikasy, Kongo we Demirgazyk Koreýa (1,08 bal) eýeledi. Hasabatda iň demokratik döwletler hökmünde Norwegiýa (9,81 bal), Islandiýa... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *