Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2021

Новости за 30.09.2021

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar ABŞ-da, Şweýsariýada we Türkiýede protest aksiýalaryny gurady

Türkmen aktiwistleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň işinden nägilelik çykyşylary 30-nji sentýabrda ABŞ-da we Şweýsariýada ýene dowam etdirildi. Olara Stanbuldaky aktiwistler hem goşuldy. Protestçiler türkmen hökümetiniň ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklary, koronawirus keseliniň ýaýramagyny äsgetmeýändigine, şeýle-de ýurduaň daşyndaky türkmen migrantlarynyň pasport kynçyyklaryna we problemalary açyk gozgaýan aktiwistlere basyşa köpçüligiň ünsüni çekýärler. NÝ-da we Waşingtonda türkmen aktiwistleriniň ençemesi BMG-niň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Iýmäne çörek tapmaýandygyny aýdýan onlarça maryly prokuraturanyň öňüne üýşüp, prokurordan haraý gözleýär

Şu günler Marynyň ýaşaýjylary işsizlikden we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kyndygyndan şikaýat edip, Mary şäherindäki welaýat prokuraturasyndan haraý gözleýärler. Emma olaryň soraýan kömekleri we edýän arz-şikaýatlary netijesiz galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Onuň sözlerine görä, soňky günlerde welaýat prokuraturasynyň binasynyň öňüne günde onlarça adam üýşüp, baş prokurora arzlaryny ýetirmäge synanyşýar. Ýöne prokuror häzirki güne çenli ilat bilen duşuşmaýar we olaryň isleýän haraýyna-da jogap bermeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Dürsoltan: Pikir alyşmagy dymdyrmak isleýärler

Türkmenistan hökümetiniň aç-açan tankytçysy, belli aktiwist Dürsoltan Taganowa golaýda Türkiýäniň Stambul şäherindäki deportasiýa merkezinde saklandy, 29-njy sentýabrda bolsa erkinlige goýberildi. Dürsoltan Taganowanyň saklanmagynyň sebäpleri, erkinlige goýberilmegi hem geljekki maksatlary barada, Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azathabar.com 

Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady

Balkanda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, welaýatyň ýene bir hassahanasy diňe wirus näsaglaryny kabul edip başlady. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada maglumat berýän habarçysy soňky bir hepdäniň dowamynda üç adamyň koronawirusdan ölendigini hem aýtdy. Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri karantin çäklendirmelerini öz güýjünde saklap, welaýatyň köçelerine hlor ergini garylan suwy sepmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler.

Azathabar.com 

Türkmenabat Berdimuhamedowyň Özbegistana etjek saparyndan soň dolanmagyna taýýarlanýar

Türkmenistanyň esasy karantin zonasy Türkmenabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana etjek resmi saparyndan soň dolanmagyna güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Ýatlatsak, şu aýyň başynda türkmen hökümeti, anyk senesini aýdyňlaşdyrmazdan, Berdimuhamedowyň Özbegistana sapar etjekdigini mälim edipdi. 28-nji sentýabrda Regnum habar gullugy özbek hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, Berdimuhamedowy Daşkentde oktýabryň başky günlerinde garaşýandyklaryny habar berdi. Şol bir wagtda, Azatlygyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Faraply kärendeçileriň käbiri tohumlyk bugdaýyny ýuwup, degirmende üwedip başlady

Türkmenistanda ýerli, hususan-da köp çagaly maşgalalaryň esasy azygy bolan çöregiň gytçylygy saklanyp galýar. 1990-njy ýyllaryň başynda, beýleki post-sowet ýurtlary bilen gurlan öňki gatnaşyklaryň bozulmagy we türkmen hökümetiniň özüni azyk önümleri, ilkinji nobatda hem türkmen maşgalalarynda köp iýilýän çörek bilen üpjün etmek barada gelen karary, hökümet resmileriniň aýdýan dabaraly sözlerinden tapawutlylykda, durmuşda 30 ýyllap ‘arzuw-hyýal’ bolup galaýana meňzeýär. Şol bir wagtda Türkmenistan gurak gelen ýylyň döreden tebigy kynçylyklaryny... Читать дальше...

Azathabar.com 

Fransiýanyň öňki prezidenti Sarkozi bir ýyl möhlet bilen öý tussaglygyna höküm edildi

Fransuz kazyýeti öňki prezident Nikolas Sarkozini 2012-nji ýylda geçiren prezidentlik kampaniýalaryny bikanun maliýeleşdirmekde günäli tapdy we bir ýyl möhlet bilen öý tussaglygyna höküm etdi. 30-njy sentýabrda çykarylan höküme görä, 66 ýaşly Sarkozi elektron gözegçilik bilezigini dakmaly bolar. Ol prezidentlik wezipesine gaýtadan saýlanmak üçin geçiren kampaniýalarynda kanun taýdan rugsat berilýän iň ýokary maliýe serişdesinden, 22,5 million ýewrodan ($27,5 million) iki esse köp pul sarp etmekde aýyplandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin Erdogan bilen kabul edilen ‘ylalaşyklara’ hoşallyk bildirdi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogany kabul etdi. Bu duşuşyk soňky birnäçe ýyl bäri iki lideriň arasynda geçirilen duşuşyklaryň iň möhüm netijelisi hasaplandy. Liderler Putiniň iki hepde dowam eden üzňeliginiň yz ýany, 29-njy sentýabrda Soçide duşuşdy. Putiniň ýakyn töwereginden birnäçe adamyň COVID-19 barlagy oňyn netije görkezensoň, ol iki hepde möhlet bilen öz-özüni üzňeleşdiripdi. Mundan öň, Putin bilen Erdogan 18 aý mundan ozal Moskwada ikiçäk duşuşdy. Geçen... Читать дальше...

Azathabar.com 

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Türkmenistana sapar eder

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala  Türkmenistana sapar eder. Bu barada “Orient” neşiri habar berýär. Neşire görä, Hakala Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda möhüm ugurlarda sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar. Habarda Hakalanyň Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň haýyşy boýunça Türkmenistana sapar edýändigi aýdylýar. Ýatlasak... Читать дальше...

Azathabar.com 

Italiýa öňümizdäki aý G20-niň Owganystan sammitine beýemçilik eder

Italiýa 12-nji oktýabrda ykdysady taýdan ösen 20-ler toparynyň (G20-niň) Owganystana bagyşlanjak nobatdan daşary sammitine beýemçilik etmegi meýilleşdirýär. Geçen aý “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçirenden soňra, Owganystan gumanitar betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Italiýada geçiriljek sammiti mälim eden premýer-ministr Mario Dragi 29-njy sentýabrda beren beýanatynda “Owganystanda gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin çäre görmek dünýäniň iň baý ýurtlarynyň borjudyr” diýdi. Şeýle-de... Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarus: KGB Minskde bolan atyşykda bir ofiseriň hem-de bir ýerli ýaşaýjynyň öldürilendigini aýdýar

Belarusyň Döwlet howpsuzlyk komiteti (KGB) 28-nji sentýabrda geçirilen reýd wagty bolan atyşykda bir Minsk ýaşaýjysynyň hem-de bir KGB ofiseriniň öldürilendigini aýdýar. KGB öz beýanatynda ölen adamyň şahsyýetini mälim etmedi, ýöne ony “terrorçy” atlandyrdy. Ol bu adalgany köplenç diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň režimine garşylyk bildirýän adamlary suratlandyrmak üçin ulanýar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu beýanaty ýa-da wakanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen wideosy diýilýäni garaşsyz tassykladyp bilmeýär. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *