Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2021

Новости за 07.09.2021

Azathabar.com 

Garaşsyz neşir: ýol heläkçiliginde ölen käbir harbylaryň atlary belli boldy

Iýul aýynda Aşgabatda bolan ýol hadysasynda ölen iki esgeriň we bir ofiseriň atlary belli boldy. Bu barada garaşsyz neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 6-njy sentýabrda habar berdi. Bellesek, Azatlyk Radiosy paýtagtyň Bekrewe şaýolunyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde onlarça harby gullukçynyň wepat bolandygy barada 21-nji iýulda ilkinji bolup habar beripdi. Şonda çeşmelerimiz 18-nji iýulda 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerweniň ýol hadysasyna uçrandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Koronawirus pidalary üçin tabyt ýetişmeýär, hökümet Garaşsyzlyk üçin täze tribuna gurmaga gyssanýar

Türkmenistanda koronawirusdan ýokary keselçilik we ölüm derejesi saklanýar. Häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagyny ykrar etmezligini dowam etdirip, täze çäklendirmeleri girizýän hem-de söwda, hyzmat we dynç alyş desgalaryny ýapýan wagtynda baýramçylyk üçin ýörişleri repetisiýa edýärler. Mundan başga-da, dermanlaryň we medisina enjamlarynyň ýiti ýetmezçiligi dowam edýän wagtynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralar üçin täze gymmatbaha desgalar gurulýar.

Azathabar.com 

Balkanda mekdep mugallymlary we ýokary synp okuwçylary pagta ýygymyna mejbury çekilýär

Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýän mahaly, Balkan welaýatynda häkimiýetler mekdep mugallymlaryny we ýokary synplaryň okuwçylaryny pagta ýygymyna mejbury çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji sentýabrda sebitden habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, orta mekdepleriň ähli işgärleri, şol sanda mugallymlar Bereket we Serdar (öňki Gyzylarbat) etraplarynyň gowaça meýdanlaryna ýatymlyk pagta ýygmaga äkidilýär. Habarçy ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem ýygyma mejbury çekilýändiklerini habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda ilata azyk paýlarynyň indi aýda diňe bir gezek paýlanjakdygy duýduryldy

Aşgabatda, 20 güne golaý arakesmeden soň, ilata subsidirilenen azyk önümleriniň käbir görnüşleri gaýtadan paýlandy. Şol bir wagtda, häkimiýetler ozal her 10 günde bir gezek paýlanan subsidirlenen azyk önümleriniň nobatdaky tapgyrynyň öňümizdäki aý satuwa çykaryljakdygyny duýdurdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Azathabar.com 

Howpsuz aralyk 'nakleýkalary' üçin 5 manat, prezidentiň portretleri üçin 50 manat pul ýygnalýar

Türkmenistanda ýokarlanýan COVID-19 hadysalarynyň fonunda gadam basylan täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Aşgabadyň käbir orta mekdepleri sosial aralygy saklamak barada duýduryş berýän ‘nakleýkalary’ satyn almak üçin okuwçylardan 5 manatdan pul ýygnaýar. Şol bir wagtda, her okuwçy döwlet baştutanynyň klaslara asylan portretlerini çalşyrmak üçin hem-de wirusa garşy dezinfeksiýa serişdelerini satyn almak üçin klas ýolbaşçysyna 50 manat pul bermeli.

Azathabar.com 

“Talyban” Panjşirde ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär, MGF garşylygyny dowam etdirýändigini aýdýar

“Talyban” Owganystanyň Panjşir jülgesinde ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, garşy duruş güýçleriniň lideri “Talybana” garşy “umumylykda baş galdyrmaga” çagyrdy we jeňçileriň häkimiýetine garşy tagallalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 6-njy sentýabrda metbugat ýygnagyny geçirip, Panjşiriň doly ele geçirilendigini aýtdy we munuň bilen “Talybanyň” ýurdy öz gözegçiligine geçirmek boýunça işleriniň hem tamamlanandygyny belledi. Milli Garşylyk... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti ýakynda Özbegistana sapar eder. Bu barada 6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi, emma saparyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmady. Maslahatda türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe özüniň özbek kärdeşi bilen bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa krym tatarlarynyň liderini tussaglyga höküm etdi

Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymyň sudy 6-njy sentýabrda krym tatarlarynyň lideri Nariman Jelýaly iki aý möhlet bilen tussaglykda saklamak barada höküm çykardy. Jelýal gazgeçirijä edilen hüjüm bilen ilteşikli bolmakda aýyplanýar. Ukraina bu aýyplamalaryň toslanandygyny aýdyp, olary ret edýär. Jelýal krym tatarlarynyň öz-özüni-dolandyryjy guramasynyň, ýagny Mejlisiň başlygynyň orunbasarydyr. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun basyp alandan soňra, Moskwanyň tarapyny tutýan ýerli wekiller krym tatarlarynyň Mejlisini gadagan etdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kuba iki ýaşly çagalara waksina sanjymyny urup başlady

Kuba dünýädäki ilkinji döwlet bolup iki ýaşdan uly çagalara COVID-19-a garşy waksina sanjymyny urup başlandygyny aýdýar. Bu aralykda, Ýewropanyň Medisina agentligi (EMA) doly waksinirlenen 16 ýaşdan uly adamlara Pfizer/BioNTech waksinasynyň nobatdaky buster, ýagny güýçlendiriji sanjymynyň peýdasyny seljerýär. Kuba 6-njy sentýabrdan başlap 2-11 ýaşly çagalara özüniň öndüren waksinasyny urup başlady. Bellesek, bu Kubanyň ýerli waksinasy Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) tarapyndan ykrar edilmedikdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

30 ýyldan soň. Merkezi Aziýanyň garaşsyz döwletleriniň garaşlylygy

Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan Merkezi Aziýa respublikalary 30 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň ikinji ýarymynda öz garaşsyzlygyny yglan etdiler. Bäş ýurt birek-birege baglanyşygyň alamatlary bilen garaşsyzlyk ýubileýini belleýärler. Hazar deňzindäki türkmen kurort ulgamy bolan Awazada bäş döwletiň liderleri ýylgyryşýarlar, birek-biregiň elini gysýarlar. 6-njy awgustda Merkezi Aziýanyň postsowet respublikalarynyň bäşisiniň ýolbaşçysy bu ýerde sammite ýygnandylar. Ýöne şeýle çäräni guramak üçin, üç onýyllyk gerek boldy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *