Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2022
30

Новости за 21.01.2022

Azathabar.com 

'Aşgabat-sitiniň' guruljak ýerinde durnuksyz topraga hem prezident, hem-de bilermenler ünsi çekdi

Aşgabatda täze kaşaň binalaryň gurluşygy soňky günlerde ýurt baştutanynyň üns merkezinde boldy. Prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň we "Aşgabat-siti" toplumynyň gurluşygy bilen gyzyklandy. Döwlet metbugaty prezidentiň gurluşyklaryň jemgyýet üçin ähmiýetini nygtap, daşky gurşaw, ösen tehnologiýa meselelerini göz öňnde tutmagy buýrandygyny habar beren bolsa, bu ýagdaýdan habarly çeşmeler bolsa, prezidentiň gurluşygyň öňe süýşmändigini görendigini habar berip, suw... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebabyň çörek kärhanalary onlarça işgäri tölegsiz zähmet rugsadyna iberdi

Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew we Dänew etraplarynda döwlete degişli çörek kärhanalary öz işgärleriniň tas ählisini bir aýlyk tölegsiz zähmet rugsadyna ugratdy. Farapda un paýoklaryny alyp bilmeýän raýatlaryň yzygiderli eden talaplaryndan soň, ýerli häkimiýetler un paýlarynyň üç aýyň dowamynda paýlanjakdygyny wada berdi. Sebitiň döwlet dükanlarynda un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Azathabar.com 

Prezident ganly protestlere 'Baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň' sebäp bolandygyny aýdýar

Gazak prezidenti ýurtda bolan ganly protestlere "Baýlar bilen garyplaryň arasyndaky uly tapawudyň" sebäp bolandygyny aýdýar. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy gurnalan we Merkezi Aziýa ýurduny sarsdyran ganly çaknyşyklara alyp gelen protestlere baýlaryň we garyplaryň arasyndaky "kabul ederliksiz uly tapawudyň" sebäp bolandygyny aýtdy. Tokaýew 21-nji ýanwarda nebite baý ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, demonstrantlaryň käbiriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hususy awtobus sürüjilerinden täze ygtyýarnama talap edilýär

Türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň başynda sebitlerde ýaşaýjylary gatnadýan hususy awtobus sürüjilerine Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan degişli ygtyýarlygy almaly edeninden soň, şeýle-de munuň bilen baglylykda goşmaça salgyt töleglerini girizenden soň, ýurduň iri şäherleriniň ençemesinde jemgyýetçilik transport bökdençlikleri döredi. “Şu günler [Lebabyň administratiw merkezi] Türkmenabadyň köçelerinden hususy awtobuslar tas ýitdi diýen ýaly. Döwletiň bar bolan transporty ilaty ozalky tertipde gatnadyp bilmeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ belarus resmilerini howa garakçylygynda aýyplaýar

ABŞ-nyň häkimiýetleri "Ryanair" uçarynyň geçen ýylyň maýynda Minsk howa menzilinde mejbury gondurylmagy bilen baglylykda Belarusyň dört resmisine garşy dildüwşük gurmak bilen garakçylyk etmek aýyplamalaryny bildirdi. ABŞ-nyň Adalat departamentiniň web sahypasynda habar berilmegine görä, “Belaeronawigtsiýanyň” baş müdiri Leonid Çuro, onuň orunbasary Oleg Kazýuçitsa, şeýle-de belarus KGB-siniň iki işgärine garşy aýyplama bildirildi. Döwlet howpsuzlyk komitetiniň işgärleriniň ady aýdylmady, emma... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we Orsýetiň baş diplomatlary ýene Ukrainadaky krizisi çözmek maslahatyny eder

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken, berk gaýtawul beriljegi baradaky duýduryşlara garamazdan, Orsýetiň Ukraina goşun sürmek ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda, dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde, 21-nji ýanwarda Ženewada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşýar. Şweýsar şäherinde iki ýurduň baş diplomatlarynyň arasynda geçiriljek gepleşikler soňky hepdelerde Günbatar paýtagtlary bilen Moskwanyň arasynda Gündogar Ýewropadaky howpsuzlyk meseleleri boýunça geçirilen şowsuz duşuşyklaryň yz ýanyna gabat gelýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Nawalnynyň topary "Putiniň köşgi" diýilýäniň içerki suratlaryny çap etdi

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň topary öz geçiren iň meşhur derňewiniň birinji ýyl dönümine gabat Gelenjigiň golaýyndaky köşgüň içinde düşürilen suratlaryň uly toplumyny çap etdi. Olar bu köşgüň rus prezidenti Wladimir Putine berlen sowgatdygyny öňe sürýärler. “YouTube” kanalynda 100 milliondan gowrak adamyň tomaşa eden derňew-filminde Putiniňki diýilýän binanyň içki görnüşleri 3D-wizual şekilinde görkezilipdi. Bu ýagdaý kommentatorlaryň käbiriniň köşgüň içiniň hakykatdanam derňewçileriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak resmileri Almaty çaknyşyklaryndan soň dörän 'gizlin mazarlaryň' tapylandygyny aýtdylar

Gazak resmileri ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestleriň arasynda bolan ganly çaknyşyklardan soň, Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda "gizlin mazarlaryň" tapylandygyny aýdýarlar. Almaty şäher polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Saltanat Azirbek 20-nji ýanwarda şeýle mazarlaryň tapylandygyny tassyklady we olaryň “protestlere gatnaşan adamlaryň şahsyýetlerini anyklamak işini kynlaşdyrmak maksady bilen”, näbelli bir topar tarapyndan jaýlanan adamlaryň mazarlarydygyny öňe sürdi. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *