Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2022
30

Новости за 13.01.2022

Azathabar.com 

Lebabyň häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary gan tabşyrmaga mejbur edýär

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri aliment üçin bergisi bolan raýatlary her aý ýüzlerçe gram gan tabşyryp, bergilerini üzmäge mejbur edýär. Häkimiýetleriň ýurt raýatlaryna degişli täze mejburlygynyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. "Welaýatdaky şäher we etrap kazyýetleri aliment üçin bergisi bolan raýatlaryň, berginiň möçberine görä, her aýda 300 gramdan 600 garama çenli gan tabşyrmalydygy barada karar çykarýarlar. Olar raýatlardan şu usul bilen bergilerini üzmegi talap edýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek we rus prezidentleri Merkezi Aziýanyň ýagdaýy barada pikir alyşdy 

Özbegistanyň we Russiýanyň prezidentleri Şawkat Mirziýoýew bilen Wladimir Putin 13-nji ýanwarda telefonda gürleşdi. Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar Özbegistan-Russiýa gatnaşyklarynyň ýagdaýy we strategiki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.  2021-nji ýylyň jemleri boýunça söwda dolanyşygynyň 33% ýokarlanandygy bellenildi. Gatnaşyklar sebitara formatda, medeni we gumanitar ugurda we beýleki ugurlarda işjeň ösýär diýip, habarda aýdylýar. Prezidentler... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebap ýazky ekişe taýýarlanýar, daýhanlar suw üpjünçiliginden şikaýat edýär

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ekin meýdanlaryny ýazky ekişe taýýarlamak işlerine girişilmegi bilen, sebitiň daýhanlary hem ýyldan-ýyla gaýtalanýan suwuň kadasyz üpjünçiligi, abatlanmadyk kanallar hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürýändiklerini tekrarlasalar-da, daýhanlar eger-de suw meselesi çözülmese, onda bu ýylky bugdaý hasylynyň hem isrip bolup biljekdigini duýdurýarlar.

Azathabar.com 

Maryda Internet we "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk ulgamy çäklendirilýär

Soňky günlerde Mary welaýatynda "Altyn Asyr" mobil aragatnaşyk ulgamy we Internet kadaly işlemeýär. Raýatlar birek-biregi bilen gürleşmek üçin ençeme gezek jaň etmeli bolýarlar. VPN ulgamlary petiklenýär. "Türkmentelekom" aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýatdaky edarasynyň işgärleri munuň sebäplerini "häzir häkimiýetleriň bir zatlardan gorkýandygy" bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary we olaryň Marydaky dogan-garyndaşlary habar berýärler.

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýaşaýjylary çörek almak üçin ir sagat 3-de nobata durýarlar

Aşgabatda çörek nobatlary satuwdan esli wagt öň, ir sagat 3-de başlanýar. Şu günler şäheriň hemme ýerinde garaňkyda çörek dükanlarynyň öňünde çörek satyn almak mümkinçiligine garaşyp duran adamlary görüp bolýar. Çörek satylanda aljyraňňylyk we basa-baslyk döreýär.

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti IIM-niň başlygynyň orunbasaryny täzeledi

Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin maslahatyny geçirip, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Sebäbi düşündirilmän işden aýrylan resmi bu wezipä geçen ýylyň awgustynda bellenipdi. Eger-de prezidentiň  IIM-niň düzediş edaralarynda goýberilýän ýalňyşlyklar, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmekde goýberilen kemçilikler, polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işinden goýberilen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Türkmenistana bellän täze ilçisini ýörite uçar bilen Aşgabada ugradýar

Ysraýylyň daşary işler ministrligi Türkmenistana bellän täze ilçisini gumanitar missiýa bilen Aşgabada barjak ýörite uçarda ugratmak üçin taýýarlyk görýär we munuň üçin 500 million şekel, takmynan 550 million manat çykdajy edýär. Bu barada “Israel Haýom” (Ysraýyl Şu gün) neşiri habar berýär. Neşiriň habaryna görä, ýurduň daşary işler resmileri bu harçlamalar bilen Türkmenistana wekil ugratmagyň zerurlygyny sorag astyna alypdyrlar, ýöne iň soňunda bu karar ministrlik tarapyndan tassyklanypdyr. Maglumata görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Stoltenberg: Russiýa bilen dialog aňsat däl, ýöne gepleşlik peýdaly boldy

Russiýa bilen üçünji gün geçirilen  gepleşikler aňsat bolmady, ýöne Ukraina barada çynlakaý we göni pikir alyşyldy diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-Russiýa Geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, taraplaryň arasynda düýpli düşünişmezlikler bar we olar boýunça umumy çemeleşmeleri tapmak kyn mesele bolup durýar. Şeýle-de bolsa, gepleşiklerde ynjyk meseleler gozgaldy. Stoltenberg NATO ýaranlarynyň ählisiniň we Russiýanyň wekilleriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG Gazagystanda demonstrantlara garşy güýç ulanylmagyny derňemäge çagyrýar

BMG-niň adam hukuklary boýunça hünärmenleri Gazagystanda “demonstrantlara garşy çäklendirilmedik güýç ulanylmagyny”, şol sanda “ölüm ýaraglarynyň ulanylmagyny” berk ýazgardylar we bu işleriň garaşsyz derňelmeginiň üpjün edilmegini talap etdiler. Terrorçylyga garşy göreş wagtynda adam hukuklarynyň goralmagyny höweslendirmek boýunça ýörite hasabatçy Fionnuala Ni Aolain demonstrantlara, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine, adam hukuklaryny goraýjylara, žurnalistlere we syýasy partiýalara garşy 'terrorist'... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nazarbaýew maşgalasy bidüzgünçilikler we gan döküşlik barada ilkinji gezek pikirini aýtdy

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň körpe gyzy sosial ulgamlarda ýazgy çap edip, ýurtda dörän köpçülikleýin nägilelikler we dürli şäherlerde köçelere çykan adamlaryň arasynda gan dökülmegine getiren wakalaryň sebäbi barada ilkinji gezek pikirini aýtdy. Aliýa Nazarbaýewa bolup geçen zatlary pajygaly wakalar diýip atlandyrdy we wepat bolan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Ýurduň häkimiýetleri häzire çenli ölenleriň hatda takmynan sanyny hem yglan etmedi. “Goý, bu gazaply... Читать дальше...

Azathabar.com 

Öňki gepleşikler ‘çapraz’ pozisiýalarda gutaransoň, ýygnakda ýene rus-ukrain dartgynlygy maslahatlaşylar

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) hemişelik geňeşiniň Wenadaky ýygnagynyň başlanmagy bilen, 13-nji ýanwarda Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda barha kän goşun toplamagy netijesinde dörän dartgynlygy aradan aýyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry geçirilýär. Moskwa bilen Waşington Ýewropanyň howpsuzlygy meselesinddäki garaýyşlarynyň bir-biriniňkiden “düýpli” tapawutlanýandygyny eýýäm, şu hepdäniň başynda Ženewada we Brýusselde geçirilen dartgynly gepleşiklerde hem görkezmäge ýetişdiler we... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Ölüm halyndaky" ýagdaýda häkimiýet ugrunda göreş we beýleki çaklamalar. Gazagystanda bolup geçen wakalaryň aňyrsynda nämeler bar?

Gazagystanda birnäçe gün dowam eden bidüzgünçiliklerden soň, demonstrasiýalar rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Şeýle hem ýurtda režimiň içinde prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen ondan öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň arasynda göreş barýandygyna alamatlar bar. Gazagystandaky parahatçylykly başlanan protestler çaltlyk bilen bütin ýurdy gurşap aldy hem hökümete garşy uly zarba öwrüldi. Munuň aňyrsynda bolsa düýbünden başga bir zat gizlenýär – iň ýokary güýçlere gözegçilik etmek üçin göreş barýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow Internetdäki dürli maglumat çeşmelerini berk çäklendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini talap etdi. Şeýle-de, Berdimuhamedow ýygnagyň dowamynda Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrdy. Döwlet telewideniýesine görä... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *