Çeçen lideri öz wezipesine 'näbelli we uzak' möhletli arakesme berýändigini aýtdy
Russiýanyň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrow Telegramda çap eden maglumatynda öz wezipesine "näbelli we uzak" möhlet bilen arakesme berýändigini aýtdy. 45 ýaşly Kadyrow 2007-nji ýyldan bäri Çeçenistany demir ýumruk bilen dolandyrýar. "Men uzak wagt bäri öz wezipämde oturandygyma düşündim. Meniň pikirimçe, meniň [häkimiýetden gitmek üçin] wagtym geldi" diýip, ol ýazdy. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklarynyň bardygyna ynanylýan Kadyrowyň mundan soň näme etjekdigi entek belli däl. Читать дальше...