Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2022

Новости за 05.09.2022

Azathabar.com 

G.Berdimuhamedow Mara bardy. Howpsuzlyk güýçlendirildi, köçeler ýapyldy

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň bu sapary bilen bagly, welaýatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, köçeler ýapyldy we giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary maglumat berdiler.

Azathabar.com 

Türkmenistanda işe ýerleşdirjekdigini aýdyp, ilatyň puluny alýan adamlar 'köpelýär'

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazançsyz kösenýän raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan adamlar köpelýär. Bu adamlar raýatlara işe ýerleşdirmegi wada berip, olaryň müňlerçe manadyny alýarlar we soňra-da ne wadasynda tapylýarlar, ne-de alan puluny yzyna berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berdiler. "Adamlar pul gazanmak üçin biri-birilerini ýa-da gaýradan başga birini aldaýarlar. Bu adamlar 'häzir iş orunlary kemeldilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Trass işden çekilen britan premýeri Jonsonyň ýerine PM boldy

Liz Trass birnäçe aýlap dowam eden dawa-jenjelden soň, öz dolandyryşyna bildirilýän goldawyň azalýandygyny görüp işden çekilen Boris Jonsonyň ýerine Angliýanyň täze premýer-ministri diýlip yglan edildi. 47 ýaşly Trass 5-nji sentýabrda dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň içinde öňki gazna başlygy Rişi Sunakdan köp ses alyp, ýeňiş gazandy. Jonsonyň döwründe daşary işler ministri bolup işlän Trass Tereza Meýden we Margaret Tetçerden soň ýurduň üçünji aýal premýer-ministri bolýar. Ol ýurdy gaplap... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pul nagtlaşdyrmakda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda bank işgärleri derňelýär

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýän döwründe kanun goraýjy edaralaryň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bank işgärlerini derňeýändiklerini habar berýärler. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň maglumatyna görä, garşysyna iş gozgalan käbir bank hünärmenleri plastik kart eýelerinden kanunda görkezilmedik töleg alyp, munuň öwezine olara pul nagtlaşdyrmaga ýardam bermekde güman edilýärler.

Azathabar.com 

Türkmenabadyň aeroporty ‘uly synaga’ taýýarlanýar

Türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa aladalarynyň arasynda çäkli halkara uçarlarynyň aglabasyny ýurduň esasy karantin zolagy ýerleşýän Türkmenabada gonmaly edeninden bäri, Lebabyň dolandyryş merkeziniň aeroportunyň işgärleri ýokarlandyrylan tertipde işledilýändiklerini aýdýarlar. Azatlygyň Türkmenabadyň halkara aeroportundaky çeşmesi üstümizdäki aýda özlerine ýurda gelýän tutuş uçarlaryň 70% töweregini kabul etmek tabşyrylandygyny, şeýle-de munuň köp sanly bökdençliklere ýol açyp biljekdigini duýdurýar.

Azathabar.com 

Türkmenistan Pakistana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistan Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegini iberer, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara bäşinji gün gol çekdi. “Biznes Türkmenistan” neşiriniň ýazmagyna görä, degişli derman we saglygy goraýyş serişdeleri, harytlar, azyk önümleri, ynsanperwerlik kömegi hökmünde, Pakistana muzdsuz berler. Türkmenistan sebitiň ýurtlarynda bolýan tebigy hadysalar bilen baglylykda dürli ynsanperwerlik kömeklerini iberip durýar. Emma ýerli synçylar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda uly partlama boldy

5-nji sentýabrda Russiýanyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda uly partlamanyň bolandygy habar berildi. Ýerli metbugat tiz kömek ulaglarynyň wakanyň bolan ýerine barýan wideolaryny görkezdi. Etrap polisiýasyny ofiseri “Roýters” habar gullugyna öz janyna kast eden hüjümçiniň öz nazarlan nyşanasyn ýetmezinden öň garawullar tarapyndan tüpeňlenip, şol ýerde özüni partladandygyny aýtdy. "Pidalar barada entek maglumat ýok" diýip, ofiser Mawlawi Sabir habar gullugyna janyndan geçen hüjümçiniň öldürilendigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda bolan ýer titremesinde 8 adam öldi

Öten agşam Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda bolan ýer titremesinde azyndan sekiz adam öldi diýip, resmiler 5-nji sentýabr güni irden aýtdylar. Ölenleriň sanynyň köpelmegi mümkin diýip, Kunar sebitiniň häkiminiň metbugat sekretary Mawlawi Nejibullah Hanif žurnalistlere aýtdy. Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabad şäheriniň golaýynda 5.3 ball ölçeginde ýer titremesi boldy. "Ýekşenbe gijesi bolan ýer titremesi maliýe we adam ýitgilerine sebäp boldy" diýip, Hanif aýtdy. Iýun aýynda Owganystanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Wengriýanyň demirýol geçelgesinde bäş adam öldürildi

5-nji sentýabr güni irden Wengriýanyň günortasyndaky oba geçelgesinde otlynyň awtoulagy kakmagy netijesinde bäş adam öldi. Polisiýa bu wakanyň Kunfeherto obasynyň golaýynda bolandygyny aýtdy. Ulagdaky bäş adamyň ählisi wakanyň bolan ýerinde öldi. Otlynyň sürüjisi ownuk şikesler bilen ýerli keselhana äkidildi. Ýolagçylaryň hiç biriniň ýaralanandygy habar berilmedi. Oba geçelgesinde elektrik signaly ýa-da germew agajy ýokdy.

Azathabar.com 

Pakistan 100 000 adamy öýlerinden bosdurjak kölüň ugruny üýtgedip, has gür ilatly ýerleri gorajak bolýar

Pakistan häkimiýetleri 100,000-e golaý adamy öýlerinden bosdurjak, emma has gür ilatly ýerleri suw joşmalaryndan halas etmek üçin ýurduň süýji suwly iň uly kölüni başga ugra gönükdirdi. Sindh sebitiniň suwaryş ministri Jam Han Şoro 4-nji sentýabrda Mançar kölüniň günorta sebitdäki etraplara abanýan howpy ýokarlandyryp, eýýäm howply derejä ýetendigini aýtdy. Ol suw saklamak üçin ulanylýan kölüň başga tarapa ugrukdyrylmagynyň 100,000 töweregi adama täsir edip biljekdigini çaklady, ýöne bu çäräniň... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *