Hepdäniň jemi #8 (25.02.2023 ý.)
Türkmenistanda uludan tutulýan bagt toýlarynyň ‘kölegesinde galýan’ düýpli meseleler, bozulýan nikalaryň we ýetim çagalaryň sanynyň aşa köpelmegi, tiz özgerýän durmuşyň ozalky ‘dört tärim düşünjelerine’ sygmazlygynyň mümkin bolan sebäpleri baradaky ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.