Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2023

Новости за 23.02.2023

Azathabar.com 

Lebapda turan güýçli ýel köp adamyň hassahanalara ýüz tutmagyna getirdi

21-nji fewralda Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde güýçli ýel turdy. Ýeliň netijesinde ilatyň elektrik we Internet üpjünçiliginde bökdençlik emele geldi. Şeýle-de, ýeliň yzysüre köp lebaply saglyk şikaýatlary bilen Tiz kömek gulluklaryna we keselhanalara ýüz tutdy.

Azathabar.com 

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň gök-bakja bazarlarynda azyk önümleriniň bahalary gymmatlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli bazarlardaky bahalary öwrendi.

Azathabar.com 

Türkmenabatda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenabat şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirýärler. Esasan býujet işgärleriniň we telekeçileriň hasabyna amal edilýän bu çäreleriň sebäpleri barada anyk bir zat aýdylmaýar. Ýöne şäher häkimligine degişli edaralaryň käbir işgärleri bu çäreleriň 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramyna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

Azathabar.com 

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy

Türkiýede iş maksady bilen bolýan türkmen raýatlaryna ýaşaýyş rugsadyny almak üçin talap edilýän kagyzlary toplamak işi kynlaşdy. Wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny sorap migrasiýa gullugyna ýüz tutýan daşary ýurtlular indi ýaşaýan ýerini tassyklamak üçin kommunal töleglerini töleýändigini görkezmeli bolýarlar. Bu aralykda, Türkiýäniň Migrasiýa gullugy galplygy aradan aýyrmak üçin türkmen raýatlarynyň resminamalaryny has jikme-jik barlaýar.

Azathabar.com 

Köp çagaly enelerden döwlet sylaglaryny satmajakdyklary barada dilhaty alynýar

Balkan welaýatynda şu ýyl “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlenjek aýallardan ýörite dilhaty alynýar. Olardan döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna kepil geçmek talap edilýär. Häkimiýetleriň bu çärelerine, bu ada mynasyp bolan käbir eneleriň altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satmagy hem-de olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegi sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji fewralda maglumat berdi.

Azathabar.com 

Balkanda turan tozanly ýel jaýlaryň üçeklerindäki örtükleri opurdy, elektrik we Internet üpjünçiligini bökdedi

21-nji fewralda Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýel turdy. Ýeliň netijesinde ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň üçeklerine zeper ýetdi. Käbir ýerlerde elektrik we telefon simlerini geçirýän sütünler, agaçlar ýykyldy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azathabar.com 

Türkmenabatda zibil çeleklerini dörýän adamlar ýene köpelýär

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýan döwründe, zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar görnetin köpelýär. Lebap welaýatynda şu günler bu işleri amal edýän adamlaryň arasynda zenanlaryň has köpdügini görse bolýar. "Zibil çelekleriniň töweregindäki hereket wagtal-wagtal güýçlenýär. Şu günler Türkmenabat şäherinde zibil dökülýän çelekleri dörüp duran adamlary yzygiderli görse bolýar. Käte birnäçe adam bolup bir çelegi dörýärler. Käte-de bir adam gelip gidensoň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda düýeguş ýetişdirilýär

Türkmen telekeçisi Maýsa Welmyradowanyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän fermasynda düýeguşlaryň 500-sine ideg edilýär diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Rysgal gazetine” salgylanyp habar berdi. 5 gektar meýdany tutýan fermanyň aslynda 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenendigi, häzir ol ýerde afrika düýeguşlaryna ideg edilýändigi aýdylýar. Agramy 100-160 kilogram aralygyna, boýy 3 metre çenli ýetip bilýän afrika düýeguşlarynyň yssy howa çydamly bolup, Türkmenistanyň howa şertlerine gowy uýgunlaşýandygy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen prezidenti Bahreýniň patyşasy bilen gepleşik geçirdi

Türkmen metbugaty Manamada prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşik geçirilendigini, ikiçäk we wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygynyhabar berýär. 22-nji fewafrlda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça, hyzmatdaşlyk üçin, 11 resminama, şol sanda howa gatnawy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistanda güýçli ýertitreme boldy, pidalar barada habar berilmedi

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habaryna görä,  23-nji fewral güni irden, ýerli wagt bilen sagat 5: 37-de 6.8 ball güýjündäki ýer titremesi hasaba alyndy. Hytaý metbugatynda ýer titremesiniň güýjüniň 7.2 bolandygy öňe sürüldi. Adatdan daşary ýagdaý komiteti ölenler barada habar bermedi. Ýer titremesi Hytaýda, Owganystanda, Pakistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda-da duýuldy. Ýer titremesiniň merkezi Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýär diýip, habarda bellenýär. ... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *