Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2024
5
12
19
26

Новости за 16.10.2024

Azathabar.com 

Tok, suw we gaz üpjünçiliginde yzygiderli ýüze çykýan bökdençlik ýerli ýaşaýjylary ýadadýar – Lebap

Lebap welaýatynda ýangyç ýetmezçiligi ýitileşip dowam edýän mahaly, oktýabryň başlaryndan bäri sebitiň birnäçe etraplarynda we şäher ýerlerinde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň hem-de hojalyk we agyz suwlarynyň üpjünçiliginde hem yzygiderli bökdençlikler ýüze çykyp başlady. Bu ýagdaý ýerli ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmeleri welaýatyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde, şeýle-de Çärjew, Saýat, Hojambaz we Dänew etraplarynda ýerli... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Beýrutyň eteklerine zarba urdy

16-njy oktýabrda irden Ysraýyl Beýrutyň günorta sebitlerine zarba urdy diýip, Reuters gullugynyň şaýatlary aýtdy. Bu zarbalar, Eýranyň hem goşulmagyndaky has iri konfliktiň turmak howatyrlarynyň arasynda, ABŞ-nyň Ysraýylyň Beýruta urýan zarbalarynyň gerimine garşy çykmagyndan birnäçe sagat soň amal edildi. Zarbalaryň öň ýany Ysraýylyň harbylary sebitiň ýaşaýjylaryna ewakuasiýa bolmaga görkezme berdi. Mundan iki hepde töweregi ozal, Ysraýyl Hezbollah toparyna garşy Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýa başlady. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy

Azyk önümlerini satyn almak türkmenistanlylaryň aglabasy üçin uly synag bolmagynda galýar. Azyk önümleriniň gytalmagy diňe bir döwlet dükanlarynda däl, eýsem bazar nyrhyndan haryt satýan söwda nokatlarynda nobatlaryň köpelmegine getirdi. Öz azyk üpjünçiligine düşen agramyň ýaramaz täsiri astyndaky raýatlaryň arasynda nobatlarda dartgynlylyk döreýär. Azyk nobatyndaky dartgynly ýagdaýlaryň biri 15 -nji oktýabrda Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda döredi. Döwlet tarapyndan guramalaşdyrylan söwdada... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň futbol tälimçisi dil barada eden degişmesi üçin tankytlanýar

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Stanislaw Çerkesowyň, Sloweniýa bilen oýundan soň geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda, gazak dili bilen bagly eden degişmesi nägilelikleriň döremegine sebäp boldy. 13-nji oktýabrda bir žurnalist Çerkesowdan gazakça sorag soranda, tälimçi: “Sen häzir meniň bilen fransuzça gürleşýäňmi?” diýip, jogap gaýtardy. Käbir ýaşaýjylar Çerkesowy bu bellikleri etmek bilen döwlet dilini kemsitmekde aýypladylar. Gazagystanyň Futbol boýunça... Читать дальше...

Azathabar.com 

AÝ/AR-nyň ozalky žurnalisti, ABŞ-Eýran goşa raýaty Tähranda tussag edildi

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki žurnalisti, daşary ýurtda köp ýyly geçireninden soň, Eýrana dolananda Tähranda tussag edildi. Bu barada ýagdaýlardan habarly bir çeşme 15-nji oktýabrda maglumat berdi. ABŞ-Eýran goşa raýatlygynyň eýesi Reza Walizadeh mundan üç hepde töweregi ozal tussag edilipdir. Onuň garyndaşynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Walizadehe bildirilýän aýyplamalaryň arasynda: daşary ýurtlardaky pars dilli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hem bar. Eýranyň resmileri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Putin bilen telefonda gürleşendigini tassyklamady, ýöne munuň “akyl iş” boljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp wezipesinden gideninden bäri, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşip-gepleşmändigi barada maglumat bermekden saklandy, ýöne muny amal eden bolsa, munuň paýhasly bir iş bolan boljakdygyny aýtdy. “Men bu barada teswir bermeýärin” diýip, Tramp Çikago Ykdysadyýet Klubunda geçirilen sorag-jogap çäresiniň dowamynda aýtdy. “Ýöne size bir zady aýdaýyn, muny eden bolsam, bu akylly bir zat. Men adamlar bilen dostlukly, eger-de adamlar bilen aragatnaşyk saklap bolýan bolsa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşkent esasan goňşy ýurtlaryň raýatlarynyň hasabyna lukmançylyk syýahatçylygynyň ösýändigini aýdýar

Özbegistan has gowy we elýeterli bejergini gözleýän täjikleriň we beýleki köp sanly Merkezi Aziýalylaryň esasy lukmançylyk syýahatçylyk nokadyna öwrülendigini aýdýar. Özbegistanyň resmileriniň aýtmagyna görä, ýanwar-awgust aýlarynyň dowamynda, 60 müňe golaý täjik raýaty olardan lukmançylyk kömegini sorapdyr. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100 göterim artykdyr. Duşenbe bu maglumat bilen ylalaşmaýar. Ranohon Burhonowa görüş kynçylyklary sebäpli dörän katarakt operasiýasyndan sagalýar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *