Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2024
5
12
19
26

Новости за 17.10.2024

Azathabar.com 

Diňle: PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Mary welaýatynyň oba we etrap ýerlerinde ýagyşdan soň palçyga bulaşan ýollarda hapalanan awtoulaglara jerime ýazýarlar. Ýerli sürüjiler sebitde sähel ýagyş ýagsa batga bulaşýan ýollary bahanalap, ýol polisiýanyň özlerinden para alýandygyny aýdýarlar.

Azathabar.com 

PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Mary welaýatynyň oba we etrap ýerlerinde ýagyşdan soň palçyga bulaşan ýollarda hapalanan awtoulaglara jerime ýazýarlar. Ýerli sürüjiler sebitde sähel ýagyş ýagsa batga bulaşýan ýollary bahanalap, ýol polisiýanyň özlerinden para alýandygyny aýdýarlar. “Welaýatda agşam ýagyş ýagdy, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ir bilen sagat 8:00-den başlap, hapa ulaglara garşy reýd geçirip başlady” diýip, günorta-gündogar welaýatyň etraplarynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'

Prezident Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelende, Özbegistanda azatlyklar babatynda emele gelen maýlama arzuwlary ýyllaryň geçmegi bilen ysgyndan gaçdy. Söz azatlygy çäklendirilýän Türkmenistanda hem sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň ykbalyna alada bildirip başlady. “Megerem, özbek hökümeti hem internet azatlygyny, söz we pikir erkinligini bogmak babatynda Türkmenistandan görelde alyp, ýörite maksatnamalary durmuşa geçirýäne meňzeýär. Hususan-da, soňky iki ýylyň dowamynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýangyç gytçylygy baradaky habardan soň Lebapda çäkli mukdarda benzin satylyp başlandy

Azatlyk Radiosynyň ýangyç gytçylygy barada habar berip, wideo maglumaty çap edensoň, ýurduň gündogar sebitinde sürüjilere çäkli mukdarda ýangyç satylyp başlandy. Muňa garamazdan, welaýatyň ýangyç beketleriniň öňünde türkmenistanly we daşary ýurtly ýük ulaglarynyň birnäçe kilometrlere uzaýan nobatlary saklanyp galýar. Lebaply çeşmeleriň 15-nji oktýabrda beren habaryna görä, welaýatyň ýangyç beketleriniň öňünde emele gelen ulag nobatlaryny görkezýän wideo ýazgysynyň Azatlyk Radiosynda çykmagy ýerli häkimiýetleri uly howsala salypdyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

Jemgyýetdäki umytsyzlyk duýgularyň fonunda özlerine öňünden mazar taýýarlaýan adam köpelýär

Halky bagtyýarlyk zamanynda ýaşaýandygyna ynandyrmaga çalyşýan türkmen hökümeti garyplaşýan ilatynyň gündelik kynçylyklaryny görmezlige salýarka, ilat köpçüliginde göwün çökgünlilik duýgusy möwjeýär. Azatlygyň habarçylary adamlarda geljege ynamsyzlyk we durmuşa höwessizlik tendensiýasynyň güýçlenýän wagtynda özleri üçin öňünden gonamçylykda ýer taýýarlamak däbiniň döräp, ýaýbaňlanýandygyny habar berýärler. Ilatyň aglaba köpçüliginiň arasynda depressiýa, göwün çökgünlilik duýgularynyň we şeýle pikirleriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Diňe düşündiriş ýeterlik däl". Täjigistanyň resmileri 'ýaşlary radikalizmden goramak' üçin, öýden-öýe aýlanýarlar

Täjigistanyň hökümeti ýaşlara ekstremist we terror toparlaryna goşulmagyň howpludygyny duýdurmak üçin, müňlerçe hökümet resmilerini öýden-öýe aýlanyp wagyz etmäge ugratdy. Resmi Duşanbe dini ekstremizmiň güýçlenýändigi üçin, barha köp alada edýär: şu ýylyň özünde täjik raýatlarynyň onlarçasy Orsýetde, ABŞ-da, Ýewropa Bileleşiginde, Eýranda terrorçylykly hüjümler we gurnalan dildüwşükler bilen bagly boldy. Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatyna 1800-den gowrak döwlet işgäri mobilizasiýa edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Hezbollahyň Liwandaky berkitmelerine zarba urdy

Ysraýylyň Hezbollah toparynyň Liwanyň günortasyndaky nyşanalaryna uran zarbasy uly weýrançylyklary döretdi. ABŞ Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ysraýylyň 16-njy oktýabrda uran zarbasynda binalar weýran boldy we şäher häkimi heläk boldy. Mundan birnäçe sagat öň Ysraýylyň Siriýa we Gaza hem zarba urandygy mälim edildi. Bu aralykda, Birleşen Ştatlar Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi jeňçileriniň ýarag ammarlaryna howa zarbasyny urandygyny aýtdy. Huthi jeňçileri mundan bir... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşkent “Talybanyň” serhetdäki söwda merkezinde aýdymlaryň gadagan edilmegini sorandygyny ret etdi

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, hamala “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň hökümetiniň özara serhet araçäginde ýerleşýän söwda merkezinde konsertleri we beýleki aýdym-sazly çäreleri gadagan etmegi sorandygy baradaky owgan mediasynda çykan habarlary inkär etdi. 14-nji oktýabrda Owganystanyň Atlaspress neşirinde çap bolan habarda aýdylmagyna görä, “Talyban” özbek hökümetinden Termiz Halkara Söwda Merkezinde aýdym-sazly çykyşlaryň bes edilmegini sorapdyr. Habarda, hamala “Talybanyň” eger-de bu berjaý edilmese... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstan tolgunşyklary öjükdirýän galp wideo, audio ýazgylar barada duýdurýar

Gürjüstanyň howpsuzlyk güýçleri şu aýyň aýagynda geçmeli parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýurtda bidüzgünçilikleri öjükdirmegi maksat edinýän galp wideolary we audio ýazgylary ýaýratmagy planlaşdyrýandygy aýdylýan çäreler barada duýdurdy. Gürjüstanyň Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, syýasy güýçler bilen ilteşiklidigi aýdylýan aýdyňlaşdyrylmadyk bir topar, emeli aň we beýleki ýokary derejeli tehnologiýalaryň üsti bilen ýasalan ýalan audio ýazgylary ýaýratmaga taýýarlyk görýär.... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *