Paýtagtyň Parahat 8 etrapçasyndaky täze jaýlardan öý edinen käbir hojalyklar köp gatly jaýlaryň hiliniň pes bolandygyny aýdýarlar.
Daşoguzda täze ýylyň öňýany birnäçe ýol hadysasy hasaba alyndy, olaryň birinde üç adam heläk boldy. Görogly etrabynda 31-nji dekabrda ýüze çykan pajygaly ýagdaý barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy maglumat berýär. Görogly etrabynyň merkezinde adam pidasyna getiren ýol heläkçiligi 31-nji dekabrda ir sagat 9 töwereginde ýüze çykypdyr. Ýol hadysasyna uçran awtoulagyň içinde jemi bäş adam bolupdyr. "Awariýa uçran awtoulagda jemi 5 adam bolup, hususy taksi bir obadan bolan adamlary täze... Читать дальше...
Paýtagtyň Parahat 8 etrapçasyndaky täze jaýlardan öý edinen käbir hojalyklar köp gatly jaýlaryň hiliniň pes bolandygyny aýdýarlar. “Çygly howada diwarlardaky suwaglar dökülýär, gaýtadan abatlaýyş işlerini geçirmeli bolýar. Ýagyş-ýagmyrda suwag pökgerip, diwarlar gopup başlaýar” diýip, bu etrapçadan jaý alan bir paýtagtly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. Aşgabat şäher häkimliginiň jaý üpjünçilik bölümleri bu sebitde gurlan köp gatly jaýlary ýaňy-ýakynda eýelerine gowşuryp başlapdyr. Читать дальше...
Paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri Täze ýyly häkimiýetler tarapyndan guramalaşdyrylan çärelere gatnaşyp geçirdiler. Ýaşlaryň müňlerçesi baýramçylygy öz maşgalalary bilen geçirmegiň ýerine sowuk howada, ýadaw we aç geçirmäge mejbur edildi. Studentleri 31-nji dekabrda sagat 14:00-den 1-nji ýanwaryň sagat 1-ne çenli "Älem" dynç alyş merkezinde geçirilen çärelere gatnaşdyrylypdyr. Olaryň hemmesi birmeňzeş ak eşikde häkimiýetler tarapyndan guramalaşdyrylan çärelere tomaşaçy bolmaga ýa-da... Читать дальше...
“Türkmenportal” “Spot.uz” neşirine salgylanyp, Özbegistanyň Türkmenistandan gelýän ýük ulaglarynyň giriş töleglerini ýokarlandyrandygyny habar berýär. Özbegistanyň 2025-nji ýyl üçin döwlet býujeti baradaky kanuna laýyklykda, hökümet respublikanyň çägine daşary ýurt ýük ulaglarynyň girmegi üçin bellenen töleg nyrhlaryny täzeden gözden geçirdi diýip, habarda aýdylýar. Türkmenistanda hasaba alnan ýük ulaglary üçin indi, ýük göterijiligine baglylykda, täze nyrhlar kesgitlenip, 10 tonna çenli bolsa... Читать дальше...
Çernogoriýanyň Setine şäherinde 1-nji ýanwar güni bolan atyşyk netijesinde 12 adam, şol sanda iki çaga öldi. Azatlyk radiosynyň Balkan gullugynyň habaryna görä, bu hadysada dört adam ýaralandy we olaryň ýagdaýlarynyň agyrdygy aýdylýar. Adamlaryň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan oklary Aso Martinowiç atdy. Soň ol özüni öldürmäge synanyşdy we hassahana barýan ýolda jan berdi. Derňewçileriň sözlerine görä, ol şäheriň barlarynyň birinde dawa-jenjelden soň dört adamy öldüripdir, soň ýene dört ýerde bolup, adamlary oka tutupdyr. Читать дальше...
Täze Orleanda (ABŞ-nyň Luiziana ştatynda) bir adam 1-nji ýanwar güni irden ulagyny syýahatçylaryň köp toplanýan ýerinde gezim edýän adamlaryň üstünden sürdi diýip, CBS News we CNN ýazýar. Bu hadysada 15 adam öldi, 35 adam ýaralandy. Bu waka ýerli wagt bilen ir sagat 3: 15-de, Fransuz kwartalynyň Bourbon köçesinde boldy. Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, adamlaryň üstünden maşyn süren sürüji soňra ulagyndan düşüp, mähelläni oka tutmaga başlapdyr we polisiýa işgärleri oňa gaýtawul beripdir. "Meniň... Читать дальше...