Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan Türkmenistandan gelýän ýük ulaglarynyň giriş töleglerini ýokarlandyrdy - Metbugat

“Türkmenportal” “Spot.uz” neşirine salgylanyp, Özbegistanyň Türkmenistandan gelýän ýük ulaglarynyň giriş töleglerini ýokarlandyrandygyny habar berýär.


Özbegistanyň 2025-nji ýyl üçin döwlet býujeti baradaky kanuna laýyklykda, hökümet respublikanyň çägine daşary ýurt ýük ulaglarynyň girmegi üçin bellenen töleg nyrhlaryny täzeden gözden geçirdi diýip, habarda aýdylýar.


Türkmenistanda hasaba alnan ýük ulaglary üçin indi, ýük göterijiligine baglylykda, täze nyrhlar kesgitlenip, 10 tonna çenli bolsa, öňki $50 töleg ýerine $130,10-dan 20 tonna çenli bolsa, öňki $100 ýerine $180, 20 tonnadan ýokary bolsa, öňki $150 ýerine $250 töleg tölemek soralar.


Beýleki ýurtlardan gelen ulaglar üçin soralýan nyrhlaryň öňküligine galýandygy, ýagny Owganystandan gelen ulaglaryň $50, Täjigistandan gelen ulaglaryň, ýük göterijiligine baglylykda, $100-200, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen ulaglaryň $300, beýleki ýurtlaryň ulaglarynyň $400 töleg tölejekdigi aýdylýar.


“Türkmenportalyň” bellemegine görä, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary ulag hyzmatlary üçin soralýan tölegleri deň we aç-açan esasda almak ylalaşygyny gazandylar.


Şeýle-de, 2025-nji ýyldan başlap iki ýurduň milli daşaýjylary üçin kesgitlenen tölegleriň deňleşdiriljekdigi aýdylýar.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *