Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2025
1
15
23

Новости за 12.02.2025

Azathabar.com 

Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar

Türkiýede türkmen oppozisiýa aktiwisti Umida Bekjanowa Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy abanýar. Türk häkimiýetleri HSM Habarlary Telegram kanalynyň hem-de HSM we TAGA YouTube kanallarynyň awtory we redaktory Umida Bekçanowanyň bu ýurtda ýaşamak rugsadyny ýatyrypdyr. Türkmen blogeri Umida Bekjanowa özüniň Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsadynyň ýatyrylandygyny ýanwar aýynyň aýagynda bilip galypdyr. Oňa bu barada bankdan habar berlipdir. "Bankdan 20-nji ýanwarda habar aldym. Ol ýerde maňa registrasiýamyň ýatyrylandygy habar berdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebapda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi, aeroportda uly nobatlar döredi

Lebap welaýatynda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi. Munuň bilen bagly, Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “Ýerli uçuşlar üçin biletleri tapyp bilmeýän türkmenabatlylar welaýatyň halkara howa menzilinde gije-gündiz nobata durýarlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi. Bu ýere üýşüp, ýurduň beýleki sebitlerine... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşoguzda nas satýan we ulanýan ýaşaýjylar tutulýar

Daşoguz welaýatynda nasyň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar saklanýar. Temmäki önümleriniň söwdasyna döwlet derejesinde gözegçilik edilýän ýurtda nasyň söwdasy we ulanylmagy gadagan hasaplanýar. Polisiýa nas satýan adamlary anyklaýar we olary tussag edýär. Nas atýan adamlar hem polisiýa alnyp barylýar. Şu günler nas söwdasyna we ulanylmagyna garşy çäreler welaýatyň Boldumsaz we Gurbansoltan etraplarynda giňden alnyp barylýar. Azatlygyň welaýatdaky çeşmeleriniň birnäçesiniň 10-njy fewralda beren maglumatlaryna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Britan uniwersiteti türkmen ÝOJ-lary bilen hyzmatdaşlyk eder

Britaniýanyň “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 11-nji fewralda geçirilen wideo söhbetdeşliginde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, “Türkmenportal” resmi maglumata salgylanyp habar berýär. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Dașary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda çagalaryň arasynda gyzamyk ýaýraýar, sanjym çäreleri batlanýar

Soňky hepdelerde paýtagtda gyzamyk bilen keselleýän çagalaryň sany göz-görtele artdy. Türkmen häkimiýetleri bu barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýöne maşgala lukmanlary öýlere aýlanyp, gyzamyga garşy sanjym geçirmek çärelerini batlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi. “Çagalaryň aglabasy lukmanlaryň ýazyp beren dermanlaryny, witaminlerini içip, öýlerinde bejergi alýar. Gyzamyk bilen agyr keselleýän çagalar hassahanalarda bejergi alýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Günbatara seredýän Türkmenistan Türkiýä gaz iberip başlar - Metbugat

Türkmenistan gelýän aýda Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaz iberip başlar, Merkezi Aziýa ýurdy öz gaz eksportynyň köp bölegini günbatar tarapa gönükdirmäge synanyşýar diýip, AFP 11-nji fewralda habar berdi. Ýöne ne Aşgabat, nede Tähran Eýranyň üstünden iberiljek gazyň mukdaryny anyklaşdyrdy. Daşy gury ýer bilen gurşalan döwlet soňky ýyllarda, Türkiýäniň möhüm köpri hökmünde hereket etmegi bilen, Ýewropa bazaryna energiýa satmak isleglerini bildirdi diýip, habarda Türkmenistanyň dünýäde gaz gorlary... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini gurmak maslahatlaşylýar

“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara ylalaşygynyň taslamasy maslahatlaşylýar diýip, Türkmen DIM-niň websahypasy 11-nji fewralda habar berdi. 10-njy fewralda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly, dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Mark Fogel bilen duşuşdy we ýene bir ABŞ raýatynyň boşadyljakdygyny aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji fewral agşamy Ak tamda rus türmesinden boşadylan Mark Fogel bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeşlik wagtynda ýene bir ABŞ raýatynyň ýakyn wagtda tussaglykdan boşadyljakdygyny aýtdy. Tramp Russiýada iş kesilen amerikalynyň maşgala agzalarynyň özüne saýlaw kampaniýasy döwründäki ýygnanyşyklarynyň birinde ýüz tutup, Fogeli boşatmak üçin kömek sorandygyny gürrüň berdi. Žurnalistler ABŞ-nyň prezidentiniň Wladimir Putin bilen gürleşendigi ýa-da gürleşmändigini soranda... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *