Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2025
1
15
23

Новости за 26.02.2025

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlary üçin hereket azatlygyny talap edýärler

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlarynyň pasport almakda we ýurduň daşyna çykmakda kynçylyk çekýän wagtynda bu meseläniň gyssagly çözülmeginiň zerurlygyna ünsi çekýärler. Türkmenistana gaýdyp baransoň, raýatlaryň köpüsi ýene-de çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Täze pasport alyp, daşary ýurda gidip bilmeýärler diýip, "Türkmen Helsinki Fondy" tarapyndan 26-njy fewralda ýaýradylan beýanatda aýdylýar.  "Migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň raýatlarynyň käbir kategoriýalary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aýal-gyzlar: Pul sowgadynyň mukdary türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýär

Türkmenistanda 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgadynyň möçberi ýene 60 manada barabar bolar. Bu resmi kurs boýunça $17 we gara bazar nyrhynda $3-a deňdir. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan aýal-gyzlaryň ençemesi sowgadyň mukdarynyň “türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýändigini” aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol goýan buýrugyna görä, aýal-gyzlara... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan ak dona bürendi, şäherlerde sürçeklik, obalarda batgalyk ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döretdi

Aşgabatdan we Awazadan gelip gowşan suratlarda gar bilen örtülen agaçlary, binalary we düz meýdanlary synlasa bolýar. Mary welaýatynyň obalarynda gardan soň emele gelen batgaçylyk ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi. Balkanda sürüjiler sürçek ýollarda agyr synaglara sezewar boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde 24-25-nji fewralda ýagan gar we onuň yz ýany emele gelen amatsyzlyklar barada maglumat taýýarlady. “Oba ýerlerinde ygally howadan soňra, ýollar palçyga bulaşdy.  Şäher ýerlerinde hem batga bolup ýatan ýerler köp.

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda günebakar ýagy ýene gymmatlady

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda gysga wagtlyk arzan bahadan satuwa çykarylan günebakar ýagynyň bahasy duýdansyz ýene gymmatlady. Bu ýagdaý alyjylaryň arasynda nägilelik döredýän mahaly, dükan resmileri gymmatlamanyň sebäbini düşündirmeýärler. “Geçen hepde bir litr günebakar ýagy 18 manatdan satylýardy. Ýöne şu hepdäniň başynda, ýagny 4-nji fewralda döwlet dükanlarynda günebakar ýagynyň bahasy duýdansyz ýene gymmatladyldy we 22 manatdan satylyp başlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýe türkmen gazy boýunça ylalaşygyny ýene 5 ýyllyk uzaltmak isleýär

Türkiýe Türkmenistan bilen tebigy gaz üpjünçiligi şertnamasyny bäş ýyl uzaltmak barada şertnama baglaşýar we gepleşikleriň bir ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar diýip, Hytaýyň "Ksinhua" agentligi bu barada Türkiýäniň energiýa ministri Alparslan Baýraktaryň sişenbe güni aýdandygyny habar berýär. "Biziň uzak möhletli swop-çalşyk şertnama maksadymyz bar. Biz şu ýylyň içinde bäş ýyllyk şertnamany uzaltmak boýunça bir programmanyň üstünde işleýäris" - diýip türk ministri aýtdy. "Iň esasy maksadymyz... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran Türkmenistan bilen demir ýol arkaly ýük tranzitini artdyrmakçy bolýar

Eýran bilen Türkmenistan iki ýurtdan sebit döwletlerine geçýän ýük tranzitiniň mukdaryny artdyrmak üçin serhetara demir ýol arabaglanyşygyny giňeltmek barada ylalaşdylar diýip, "PressTV" eýran neşiri 25-nji fewralda habar berdi. Eýranyň döwlet demirýol kompaniýasynyň (RAJA) sişenbe güni çap eden beýanatynda baş direktory Jabbar Ali Zakeriniň şu hepdäniň başynda Aşgabada baryp, iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawyny giňeltmek meýilnamalaryny ara alyp maslahat edipdir. Beýanata görä, Zakeri bilen... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ 'Altyn kart' wizalaryny 5 million dollara satmakçy bolýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji fewralda "altyn kart" ýagny ýaşamak üçin rugsatnamalary hersini 5 million dollara satmak meýilnamasyny yglan etdi we rus oligarhlarynyň ony satyn almaga hukukly bolup biljekdigini aýtdy. Tramp bu programmany Ak Tamda yglan edip, “altyn kartlaryň” iki hepdä golaý wagtyň içinde elýeterli boljakdygyny aýtdy. "Sizde ýaşyl kart bar, bu altyn kart. Biz kartyň bahasyny 5 million dollar diýip goýarys"- diýip Tramp aýtdy. Satuwdan alnan girdejiler defisiti azaltmak üçin ulanylar diýip, amerikan prezidenti aýtdy.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *