Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2025
5
6
12
13
19
20
26
27

Новости за 02.07.2025

Azathabar.com 

Sygyrlar näbelli keselden ölýär, lukmanlar näsag malyň etini iýmezlige çagyrýar

Daşoguz welaýatynda adamlaryň işikde saklaýan iri şahly mallarynyň näbelli keselçilikden köpçülikleýin gyrylmagy giň gerime eýe boldy, sebitiň weterinar lukmanlary ilaty öljek bolýan mallaryny halallap öldürip, etini iýmekden saklanmaga çagyrýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Mal doktorlary mallaryň gyrylmagyny ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýurt maglumat üçin doly ýapyk bolansoň, Azatlyk mal keselleri we olaryň mümkin bolan sebäpleri hakynda resmi düşündiriş alyp bilmeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tejenliler ýollaryň bejerilýändigini aýdyp, Azatlyga minnetdarlyk bildirýär

Ahaldaky habarçymyz Azatlygyň etraplardaky ýaşaýyş infrastrukturasy, işsizlik we barha ulalýan içerki migrasiýa barada çap eden habarlarynyň, ýaşaýjylaryň daşary ýurt neşiri arkaly eden tankydy bellikleriniň, hökümetiň alyp barýan içerki syýasatyndan eden şikaýatlarynyň belli bir derejede netije berýändigini habar berýär. Azatlyk ýurduň etraplaryndaky ýollaryň, köprüleriň gözgyny ýagdaýy, barha ulalýan içerki we daşarky migrasiýa sebäp bolýan işsizlik barada yzygiderli habar berýär. Emma Aşgabatdaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda işlemeýän terminallar köpelýär, olar wagtynda bejerilmeýär

Türkmenistanda töleg terminallarynyň näsazlyklary dowam edýär. Dürli tölegleri geçirmek işini aňsatlaşdyrmak üçin niýetlenen gurallar sandan çykýar, işleýän terminallar pul kabul etmeýär. Bu ýagdaý ýaşaýjylar üçin kynçylyk döredýär. Aşgabadyň we Türkmenabadyň ýaşaýjylary mobil telefon hasaplaryny doldurmak we beýleki gündelik hyzmatlar üçin ulanylýan töleg terminallarynyň ençemesiniň kadaly işlemeýändigi sebäpli kösenýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. “Töleg terminallary nagt pullary kabul etmeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýekaterinburgda azerbajan diasporasynyň ýolbaşçysy saklandy

Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde “Azerbaýjan-Ural” guramasynyň ýolbaşçysy Şahin Şihlinsi saklandy. Bu barada “URALLIVE” telegram-kanaly, azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysynyň ogly, aklawçy Mutwaly Şihlinskä salgylanyp habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, kakasy tussag edilmezden ozal, ony aýnalary garaldylan ulag bilen yzarlapdyrlar. “Baza” telegram-kanalynyň ýazmagyna görä, Şihlinski ogly bilen bilelikde tussag edildi, emma soňra ogly boşadyldy. Bu Baku bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan döwründe bolup geçýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Bäherdeniň golaýynda ýertitreme boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň golaýynda 4.6 bal derejesinde ýer titreme boldy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berýär. Ýerli wagt bilen gije-ýaryndan soň sagat 12:16-da bolan ýer sarsgynynyň 10 km çuňlukda ýüze çykandygy bellenilýär. Türkmen mediasy bu tebigy hadysa we onuň netijeleri barada habar bermeýär. Ýerli habarçylarymyz Bäherdende ýaşaýjylaryň ýer sarsygynyndan soň, gyssagly ýagdaýda öýlerinden daşary çykandyklaryny, käbirleriniň howsala edip, gijäni daşarda geçirendiklerini hem aýdýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana garşy ähli şikaýatlaryny ret etdi

27-nji iýunda Şwesiýanyň “Svea” şikaýat kazyýeti Russiýanyň MTS mobil operatorynyň Türkmenistana bildirýän ähli şikaýatlaryny ret edip, Aşgabadyň haýryna höküm çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kazyýet MTS-i Türkmenistanyň kazyýet işi bilen bagly çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçly etdi. Bu çykdajylar jemi 589 müň ýewro deň bolup, bu tribunal tarapyndan öňki çözgüt bilen bellenilen 11 million dollardan başga, goşmaça töleg hökmünde tölenmelidir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 1-nji iýulda beren habaryna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Sosial ulgamlarda arzan azykly dükanlar barada wideolar köpeldi, alyjylar aldanýar

Türkmenistanda sosial ulgamlar arkaly azyk harytlarynyň reklamasy köpelýär, şol sanda "örän arzan nyrhly" harytlary hödürleýän dükanlar barada wideolar peýda bolýar. Azatlygyň habarçylary şeýle wideolar bilen gyzyklanyp, "arzan" harytlar bilen bagly ýagdaýy öwrendiler. Häzir internet platformalarynda ýerleşdirilýän we azyk, gök-bakça önümleriniň bahalaryny gaty arzan görkezýän wideolary özlerini bloger diýip, atlandyrýan şahslar çekýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. "Islendik azyk önüminiň nyrhynyň arzandygyny görkezip... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *