Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna we orta hünär mekdeplerine dokument tabşyrmak möwsümi dowam edýär. 14-nji iýulda başlanan dokument kabul edişligiň alnyp barylyşy barada maglumat berýän Azatlygyň habarçylary öňden bäri ýöredilýän düzgünler we edilýän täze talaplar, şeýle-de okuwa girmek üçin soralýan paranyň mukdary barada maglumat berýärler. "Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna şu günler esasan barly adamlaryň çagalary dokument tabşyrýarlar" diýip, habarçymyz gürrüňdeş bolan bilim wekillerine we ene-atalaryň birnäçesine salgylanyp... Читать дальше...
Astanada ýaşaýan derňew žurnalisti Lukpan Ahmediýarow noutbugyny açyp, giňden yzlanýan “YouTube” kanalynyň, “Prosto žurnalistikanyň” birden petiklenendigini görüp, aňk-taňk boldy. Birnäçe gün öň onuň adybir Instagram hasaby hem ýitirim bolupdy. Şu aralykda, ýurduň beýleki bir künjeginde, Almaty şäherinde ýaşaýan başga bir weteran derňew žurnalisti Wadim Boreiko 30,000-den gowrak adam tarpyndan yzlanýan Facebook hasabynyň iýul aýynyň başynda birden, duýdurylmazdan öçürilendigini bilip galdy. Bu hadysalar Gazagystanyň senzurany däl-de... Читать дальше...
Azatlygyň habarçylary soňky günlerde ýurtda barha gyzýan howanyň adamlaryň durmuşyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň güýçlenýändigini, öýlerinde sowadyjy ulanmaga çalyşýan adamlaryň köpelmegi netijesinde sebitlerde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan köpelýändigini habar berýärler. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri her ýylyň jokrama yssysynda ýagdaýy peselýän, hatda heläk bolýan garrylar, çagalar we keselli adamlar hakynda, olara edilýän dil ýa el kömegi barada maglumat bermeýär. Читать дальше...
Germaniýanyň Harby kontrarazwedka gullugy ýurt içinde Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan alnyp barylýan içalyçylyk we zyýan beriji synanyşyklarynyň göz-görtele köpelendigini hasaba alýar. Bu barada gullugyň ýolbaşçysy Martina Rozenberg “dpa” habar agentligine beren interwýusynda aýtdy. “Olaryň hereketleri has köpçülikleýin we agressiw häsiýete eýe boldy. Olar Sowuk urşy döwründen bäri belli bolan usullary ulanýarlar we baş goşýan gurallarynyň mümkinçiliklerini giňeldýärler” diýip, Rozenberg belledi. Читать дальше...
Soňky günlerde türkmen polisiýasy ten satýan aýal-gyzlary anyklamak boýunça dürli çäreleri geçirýär. Lebapda daşary ýurtlara, şol sanda ýewropa ýurtlaryna baryp gelen aýal maşgalalar soraga çekilýär, Balkanda polisiýa ten satýanlary tutmak boýunça reýd geçirýär. Türkmenabat şäherinde soňky günlerde polisiýa işgärleri tarapyndan soraga çekilenleriň köpüsi Ýewropa ýurtlarynda ýaşap gelen ýaş gelin-gyzlar. Ygtybarly çeşmeleriň sözlerine görä, olar polisiýada sorag edilýär, olaryň ýewropa ýurtlarynda açylan bank hasaplary... Читать дальше...
21-nji iýulda Siriýanyň häkimiýetleri druz jemgyýetiniň agdyklyk edýän ýurduň günortasyndaky Es-Suweýda şäherinden beduin maşgalalaryny ewakuasiýa edip başlady. Bu geçen hepde ýerli jemagatlaryň arasynda ýüze çykan gazaply çaknyşyklary bes etmäge mümkinçilik beren ýaraşyk düzgüniniň güýje girmeginiň yzýany amala aşyrylýar. Siriýanyň döwlet SANA agentliginiň maglumatyna görä, şäherden beduin taýpalaryna degişli 1 müň 500 töweregi adam çykarylar. Şenbe güni yglan edilen ýaraşyk ylalaşygy jemagatlaryň arasynda dörän we bir hepdäniň dowamynda... Читать дальше...
Bolgariýanyň polisiýasy Kongonyň bir diplomatynyň ulagyndan 206 kg töweregi kokain tapdy. Ol Türkiýäniň çäginden ýurda girjek bolupdyr. Bu barada Bolgariýanyň BTA habar gullugy maglumat berýär. Kokain gümrük gözleginiň dowamynda ýüze çykaryldy. Ol 179 bukja gaplanyp, diplomatyň şahsy goşlarynyň arasynda gizlenipdir. Neşe serişdeleriniň umumy bahasy 22.4 million dollardygy çaklanylýar. Saklanan diplomat Belgiýada akreditasiýa edilen, şol sebäpli onuň Bolgariýanyň çäginde el degirmesizlik hukugy ýok. Читать дальше...