Gürjüstandaky oppozisiýa liderleri 4-nji oktýabrda geçiriljek ýerli saýlawlary, soňky aýlarda esasan gowşan hökümete garşy protestleri gaýtadan güýçlendirmek üçin ulanýarlar, ýöne ses berişligi boýkot etmek baradaky çagyryşlar olaryň arasyndaky bölünişikleri görkezýär. Kawkaz respublikasynda köpçülikleýin demonstrasiýalar 2024-nji ýylyň ahyrynda parlament saýlawlarynda bidüzgünçilikleriň bolandygy baradaky öňe sürmelerden we hökümetiň Ýewropa Bileleşigine goşulmak gepleşiklerini togtatmak baradaky kararyndan soň başlanypdy. Читать дальше...
Türkmenistanda ilatyň ähli gatlaklarynyň mejbury görnüşde gatnaşdyrylmagynda geçirilýän pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Pagta meýdanlarynda daýhanlardan we günlükçilerden başga býujet işgärlerini, esgerleri, öňki bendileri, wagtlaýyn tussag edilen raýatlary ýa-da aliment bergidarlaryny görse bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň ABŞ-nyň mejbury zähmeti ulanýan ýurtlaryň sanawyndan aýrylan pursadyna gabat gelýär. ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany mejbury zähmeti, “adam söwdasynyň" ol ýa-da beýleki... Читать дальше...
Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan raýatlaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada ýakynda Türkiýeden we Polşadan ýurda dolanan türkmen raýatlarynyň ençemesi gürrüň berdi.
Aşgabat şäherinde Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy we arzançylygy baýramçylykdan sanlyja gün soň aradan aýryldy we harytlaryň bahalary gaýtadan ýokarlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
Türkmen metbugaty ýurduň dört sebitinde täze kazyýetleriň döredilendigini habar berýär. Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi sebäpli, “Kazyýet hakyndaky” kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdat Berdimuhamedow täze kazyýetleri döretmek baradaky karara gol çekdi. Bu karar esasynda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynda, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynda... Читать дальше...
Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Soltan Makilow Yssykköl sebitinde öldürilen 17 ýaşly Aýsulu Mukaşewanyň ölümi bilen baglanyşykly maglumatlaryň käbirini aýan etdi. "Güman edilýän erkek gyzyň jesedini taşlan ýerini görkezdi. Ol ony Kemin etrabynda ýerleşýän Boom jülgesine eltip, beýik ýerden aşak taşlady. Bu adamsyz, çöllük ýer; golaýyndan hiç kim geçmeýär. Ol jesediň üstüni ot-çöp bilen örtüpdir. Güman edilýäniň özi hemme zady görkezdi" diýip, ministrligiň wekili 2-nji oktýabrda aýtdy. Читать дальше...
Margarita Murahtaýewa Nižniý Nowgorodda özüni otlan ejesiniň, žurnalist Irina Slawinanyň ýogalan ýerine gül goýmakçy bolanda tussag edildi diýip, OVD-Info neşiri habar berýär. Murahtaýewany, "düşündiriş bermegi üçin", polisiýa bölümine alyp gitdiler diýip, neşir adam hukuklaryny goraýan aktiwistlere aýtdy. "V Gorode N" neşiri žurnalistiň jan beren ýeriniň wagtlaýyn diwarlar, duýduryş lentasy bilen gabalanandygyny, golaýda polisiýa awtoulagynyň durandygyny habar berdi. Žurnalist Irina Slawina 2020-nji... Читать дальше...