Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana bardy. Bu aralykda, uly Berdimuhamedowyň bu sapary döwründe Mary welaýatynyň serhetýaka sebitlerinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, Internet üpjünçiligi tas düýbünden kesildi.
Türkmenistanda azyk önümleriniň, hususan-da, et gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň derýalardaky we ýaplardaky balyklary, elektrik toguny ulanmak arkaly, bikanun awlanmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi. Ýagdaýlara syn edýän ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi munuň kiçi balyklaryň we beýleki jandarlaryň heläk bolmagyna getirýändigini aýdyp, derýalaryň we ýaplaryň ekologiýasynyň bozulyp biljekdigine ünsi çekip, alada bildirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji sentýabrda Ahal welaýatyndan maglumat berdi. Читать дальше...
Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda Türkmenistanyň beýleki welaýatlylaryndan bolan raýatlaryň gozgalmaýan emläk satyn almagy, görnüşinden, doly gadagan edilene meňzeýär diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bu aýdylýany resmi ýagdaýda ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bolýar. Sebitlerde ýaşaýan raýatlar türkmen paýtagtyndan gozgalmaýan emläk satyn almak mümkinçiliklerini mundan 5 ýyl çemesi ozal ýitirdiler diýip, Azatlygyň çeşmesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Читать дальше...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana bardy. Bu ýerde ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň Owganystanyň çägindäki böleginde kebşirleýiş işlerine başlamaga badalga berdi. Bu aralykda, uly Berdimuhamedowyň bu sapary döwründe Mary welaýatynyň serhetýaka sebitlerinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, Internet üpjünçiligi tas düýbünden kesildi. Türkmen metbugatyna görä, Aşgabatdan Mara uçarda gelen G.Berdimuhamedow... Читать дальше...
Slowakiýanyň kazyýeti liberal oppozisiýa partiýasynyň, “Progressiw Slowakiýanyň” tarapdaryny, premýer-ministr Robert Fisony tüpeňlän 72 ýaşly ýazyjy Ýuraý Sintulany “terrorçylyk” aýyplamasy esasynda 21 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Fisony öldürmek synanyşygy 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda, hökümetiň göçme mejlisiniň geçirilýän Handlowa şäherinde bolup geçdi. Premýer-ministr mejlisden soň Medeniýet öýüniň golaýynda ýygnanan adamlaryň ýanyna geldi, şol wagt märekeden birnäçe ok atyldy. Soňra Fiso dikuçarly... Читать дальше...
Nowgorod sebitiniň Waldaý etrap kazyýeti "Watandoş" özbek jemgyýetiniň prezidenti Usman Baratowy, türmäniň işini bozandygy üçin diýip, berk düzgünli jeza koloniýasynda bir ýyl sekiz aý tussaglyga höküm etdi. Ol Jenaýat kodeksiniň 321-nji maddasynyň 2-nji bölümi esasynda günäli tapyldy diýip, “Graždanskiý kontrol” habar berýär. Onuň berk düzgünli türme tussaglygyna höküm edilmegi, ýagdaýyny agyrlaşdyrýan tussaglygy, ozal ýigrenji öjükdirmekde aýyplanmagy, ýagny Jenaýat kodeksiniň 282-nji maddasynyň... Читать дальше...
Ýaponiýada ýurduň taryhyndaky ilkinji zenan premýer-ministr saýlandy, 64 ýaşly Sanae Takaýçi indi öz hökümetini düzmeli. Ýaponiýanyň parlamenti Liberal Demokratik partiýanyň lideri Sanae Takaýçini premýer-ministrlige saýlady. Bu saýlaw ilkinji zenanyň premýer-ministr wezipesine saýlanmagy bilen taryha girer. Takaýçi saýlawda 237 ses aldy. Onuň garşydaşy, Ýaponiýanyň Konstitusiýa-Demokratik partiýasynyň lideri Yoşhihiko Noda 149 ses aldy. 64 ýaşly Takaýçi indi Ýaponiýanyň Täzeden döreýiş partiýasy bilen koalisiýa hökümetini döreder. Читать дальше...
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH 21-nji oktýabrda habar berdi. Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana baryp, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň, Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny... Читать дальше...