Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda arzan bahadan pomidor satylýar. Döwletiň garamagyndaky söwda nokatlarynda garaşylmadyk ýagdaýda satuwda peýda bolan bu azygyň hyrydary barha köpelýär. Bazar satyjylary pomidoryň daňdan sagat 6:00-dan tä bazar ýapylýança satylýanlygyny aýdýarlar. Döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän pomidoryň bahasy hususyýetçilere seredende tas iki esse arzan. “Bazarda pomidoryň kilesi 15 manat, hökümetde 8 manat” diýip, bazar satyjysy 13-nji noýabrda habar berdi. Читать дальше...
Mekdepde okaýan gyzlaryň ir durmuş gurmagy, şol sanda mekdebi tamamlamadyk gyzlaryň öýlerinden alnyp gaçylmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär. Bu barada habar berýän çeşmeler gyzlaryň köplenç öýlerinden meýletin gaçýandygyny aýdýarlar. Gaçyp, durmuşa çykýan gyzlaryň köpüsi agyr şertlerde we maddy ýagdaýy agyr bolan maşgalalarda ýaşaýar. Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan okuwçy gyzlaryň gürrüň bermegine göre, biri göwreli bolup, gaçyp, durmuşa çykmaga mejbur bolsa, beýlekileri muňa garyplykdan çykalga hökmünde seredýärler. Читать дальше...
Wekiller öýüniň agzalary 12-nji noýabr agşamy hökümetiň çykdajylary baradaky kanun taslamasyny tassykladylar, bu kanun hökümet hyzmatlarynyň we agentlikleriniň uly böleginiň maliýeleşdirilmeginiň togtadylmagyny aňladýan hökümet ýapylmasyny, şatdauny bes etdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şondan gysga wagt soň bu kanun taslamasyna gol çekdi. Kanuna laýyklykda, döwlet edaralarynyň 43 günläp aýlyk almadyk işgärlerine doly kompensasiýa berler, Tramp administrasiýasynyň ýapylmagy döwründe işden çykarylan... Читать дальше...
Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Rustawidäki türmä, yzyna gaýtarylyp getirildi. Gürjüstanyň jeza çäreleri gullugy syýasatçynyň jezasyny "adaty tertipde" dowam etdirýändigini aýtdy. Ol 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri hassahanada saklanylýardy. “Eho Kawkaza” neşiriniň habaryna görä, Gürjüstanyň häkimiýetleri Saakaşwiliniň saglygyny “kanagatlanarly” diýip häsiýetlendirýärler we onuň indi hassahana bejergisine mätäç däldigini aýdýarlar. Saakaşwili birnäçe jenaýat aýyplamasy boýunça günäli... Читать дальше...
Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, Batken sebitiniň Leýlek etrabynyň Maksat obasynyň golaýyndaky gyrgyz-täjik serhediniň çäginde tikenli sim haýatlaryny gurmak işleri alnyp barylýar. Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda Gyrgyzistan bilen Täjigistanyň serhediniň tas 116 kilometrine tikenli sim haýatlary çekildi. 12-nji noýabra çenli Batken sebitiniň çäklerinde 115 kilometr 958 metr aralyga tikenli sim çekildi. Bu simleriň 84 kilometr 806 metri Batken etrabynda... Читать дальше...
Azatlygyň habarçysynyň we çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Balkan sebitiniň obalarynda itleriň we pişikleriň guduzlamagy hem-de bu näsaglygyň çagalara ýokuşmagy bilen bagly hadysalar köpelýär. Emma redaksiýa, türkmen häkimiýetleriniň keselçilikler, hususan-da ýokanç keseller baradaky maglumatlary berk gadaganlykda saklamagy zerarly, bu maglumat barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä... Читать дальше...
Neşiriň çeşmesi bir aý öň Orsýetde, Moskwa aerportunda neşe serişdelerini geçirmek synanyşygynda güman edilip saklanan türkmen resmisi Hydyr Rahmanowyň kazyýet seljermesine çenli tussaglykda saklanmagy baradaky kararyň göçürmesini redaksiýa berdi diýip, “Turkmen.news” 12-nji noýabrda habar berdi. Şeýle-de, çeşme Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň we hut daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň "Demirýollary"açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rahmanowy tussaglykdan boşatmaga çalyşýandygyny aýdypdyr. Читать дальше...