Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çäginde Internet üpjünçiliginiň hili ýene ýaramazlaşyp, tizligi pese gaçdy. Ilaty Internet bilen üpjün edýän kärhananyň ýerli edaralarynda nägilelik bildirýän ýaşaýyjylar köpelýär.
Balkan welaýatynda humar oýunlarynyň dürli görnüşleri köpelýär. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, bularyň ilat arasynda meşhurlygy artýar. Bu oýunlarda müňlerçe manat pul ýitirip, maşgalalary dargaýan ýa-da öz janyna kast edýän adamlar hem köpelýär.
Köp aýallyk Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýän, emma durmuşda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Bir erkek adamyň bir wagtda birnäçe aýally bolmagy, ýagny biri bilen resmi nikada bolup, başgasy ýa-da birnäçesi bilen ýaşaşmagy, çagaly bolmagy gitdigiçe ýaýbaňlanýar we türkmen jemgyýetinde adaty bir ýagdaý ýaly kabul edilýär. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň aýratynlyklaryny, sebäplerini we ýetirýän täsirlerini öwrendi. Türkmenistanda köp aýallyk bilen bagly ýagdaýy we onuň möçberini ýurt içindäki habarçylarymyzyň maglumatlaryndan... Читать дальше...
Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çäginde Internet üpjünçiliginiň hili ýene ýaramazlaşyp, tizligi pese gaçdy. Ilaty Internet bilen üpjün edýän kärhananyň ýerli edaralarynda nägilelik bildirýän ýaşaýyjylar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji noýabrda Lebapdan we Daşoguzdan maglumat berdiler. “Geçen hepdäniň başyndan bäri Türkmenabatda ne mobil, ne-de öý Internetleri kadaly işleýär. Olaryň tizligi juda peseldi. Hiç bir saýta girip, hiç kim bilen habarlaşyp bolmaýar. Internet akymy durnuksyzlaşdy” diýip... Читать дальше...
Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri Türkmenistanyň pagtaçylykdaky mejbury zähmeti noýabr aýynyň aýagynda hem, pul ýygnamak, bikanun paç almak görnüşinde dowam etdirýändigini, ýogsa indi gowaça meýdanlarynda ýygnalman galan pagtanyň düýpden ýokdugyny habar berýärler. Balkan sebitindäki çeşmeler häkimiýetleriň pagta galmadyk gowaça meýdanlaryndaky hasyly ‘soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin’, býujet edaralarynyň işgärlerinden ‘mejbury-meýletin’ ýagdaýda pul ýygnamak talabynyň saklanyp galýandygyny habar berýärler. Читать дальше...
Balkan welaýatynda humar oýunlarynyň dürli görnüşleri köpelýär. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, bularyň ilat arasynda meşhurlygy artýar. Bu oýunlarda müňlerçe manat pul ýitirip, maşgalalary dargaýan ýa-da öz janyna kast edýän adamlar hem göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji noýabrda sebitden maglumat berdi. “Işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygy, infiliýasiýa raýatlary, hususan-da, ýaşlaryň köpüsini bu oýunlary oýnamaga iterýär. Читать дальше...
Türkmenistanyň Balkan sebitindäki gurakçylyk sebäpli, Etrek derýasyndan joşan suwlary ýygnaýan Mämmetköl we Delili suw howdanlary doly gurady diýip, Meteožurnal” neşiri 23-nji noýabrda habar berdi. 2024/2025-nji ýyllaryň sowuk möwsüminde ýagyş-ýagmyryň ýetmezçiligi sebäpli, suw howdanlary gerek bolan suwy doly möçberde toplamakdan geçen, öňki bolan suwyny hem saklap bilmedi we onuň bir bölegini ýitirdi. Bu ýagdaý sebitde dowam edýän gurakçylyk, ýazda suw howdanlarynyň boşamagy we derýadan joşan suw arkaly gaýtadan dolmansoň... Читать дальше...
Gazak žurnalistleri Wadim Boreýkonyň we Ashat Nyýazowyň instagram hasaplary öçürildi diýip, adam hukuklaryny goraýjy Bahytjan Toregožina habar berýär. "Giberboreý" taslamasynyň awtory Wadim Boreýkonyň sosial media hasaplary mundan öň hem bozulypdy. Iýul aýynda ol Facebookda "Giberborey" diýip atlandyran hasabynyň ýitirim bolandygyny habar berdi. Bu wakadan öň ol öz TikTok hasabynyň hemişelik öçürilendigini aýtdy. Instagram hasaby öçürileninden soň, Boreýko "bularyň şahsylaşdyrylan hüjüm” bolmagynyň... Читать дальше...
Ysraýyl güýçleri 23-nji noýabrda Liwanyň paýtagty Beýrutyň günortasyndaky Dahiýa etrabyna, “Hizbolla” toparynyň baş edarasynyň ýerleşýän ýerine zarba urdy. Bu ýaragly gurama ABŞ we Ysraýyl tarapyndan terrorçy gurama diýlip yglan edildi, ýöne olar Liwanda kanuny syýasy güýç hökmünde hereket edýär. Ysraýylyň premýer-ministriniň edarasynyň beýanatyna görä, anyk bir nokada urlan zarbada guramanyň ýaraglanmagyna jogapkär bolan resmi, “Hizbollanyň” ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri nyşana alnypdyr. Onuň ady resmi ýagdaýda aýdylmaýar... Читать дальше...
Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň 22-nji noýabrda Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky kanuna gol çekendigini habar berýär. Dokuz maddadan ybarat kanunyň başynda Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklamaly diýilýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. Читать дальше...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparyny eder diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 21-nji noýabrda geçirilen mejlisde aýtmagyna görä, Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar... Читать дальше...