Özbegistan 2022-nji ýylda aýallaryň Aziýa çempionatyny özünde geçirmäge dalaş edýär
Özbegistan 2022-nji ýylda aýallaryň Aziýa çempionatyny özünde geçirmäge isleg bildiren üç ýurduň biri bolup durýar diýip, Aziýa Futbol konfederasiýasy 1-nji iýunda aýtdy.
"Indi üç bileleşik agzasy öz ýaryş geçirmegi teklip etmekçi bolýan ýerlerini kesgitlemek üçin çagyrylar we bäsleşikleri özünde geçirjek beýemçi 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde belleniler” diýip, kontinentiň dolandyryjy guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
Beýemçilige arza bermek möhleti 31-nji maýda tamam boldy.
2022-nji ýyldaky ýaryşlar 1975-nji ýylda başlanan çempionatyň 20-nji gezek geçirilişi bolar. Geçen ýyl Iordaniýada geçirilen Çempionatda Ýaponiýa Awstraliýadan üstün çykdy.
Aýallaryň arasyndaky Aziýa çempionaty FIFA-nyň aýallar arasynda geçirýän dünýä çempionatyna gatnaşyjylary kesgitlemek üçin hyzmat edýär.