Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2019

Новости за 01.06.2019

Azathabar.com 

Bosniýanyň Bosgunlar merkezinde turan ýangynda azyndan 32 adam ýaralandy

Bosniýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bosgun lagerinde bolan ýangynda azyndan 32 adam ýaralandy diýip, polisiýa aýtdy. Welika Kladuse merkezindäki ýangyn irki sagatlarda, günbatar Ýewropa barýan 500 çemesi migrantyň, Balkan ýurdunda saklanyp galan adamlaryň ýaşaýan ýerinde tutaşdy. Polisiýanyň sözçüsi Ale Siljdediç ýangyna nahar bişirilýän enjamyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Ol 13 ýaralynyň hassahanada bejergi alýandygyny, ýangyny öçürmek üçin birnäçe sagadyň gerek bolandygyny hem sözüne goşdy.

Azathabar.com 

Partlamalar Orsýetiň partlaýjy zawodyny çaýkady, 38 adam ýaralandy, 2 adam tapylmaýar

Merkezi Orsýetde partlaýjylar zawodynda bolan tapgyrlaýyn partlamalarda netijesinde ýaraly bolanlaryň sany ýokarlanyp, 38 adama ýetdi, iki adam tapylmaýar diýip, rus habar gulluklary Saglyk ministrliginiň ýerli resmilerine salgylanyp habar berýär.  Partlamalar 1-nji iýunda, Dzeržinsk şäherinde boldy. Partlamanyň bolan etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.  “Interfax” we TASS habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, partlamalar netijesinde binanyň bir bölegi weýran boldy we bu ýagdaý... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistan 2022-nji ýylda aýallaryň Aziýa çempionatyny özünde geçirmäge dalaş edýär

Özbegistan 2022-nji ýylda aýallaryň Aziýa çempionatyny özünde geçirmäge isleg bildiren üç ýurduň biri bolup durýar diýip, Aziýa Futbol konfederasiýasy 1-nji iýunda aýtdy. "Indi üç bileleşik agzasy öz ýaryş geçirmegi teklip etmekçi bolýan ýerlerini kesgitlemek üçin çagyrylar we bäsleşikleri özünde geçirjek beýemçi 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde belleniler” diýip, kontinentiň dolandyryjy guramasynyň beýanatynda aýdylýar. Beýemçilige arza bermek möhleti 31-nji maýda tamam boldy.  2022-nji ýyldaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tusk Merkezi Aziýadaky saparyny dowam etdirýär

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky saparyny Gazagystanda dowam etdirip, ýurduň wagtlaýyn prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşik geçirdi. Tokaýew 31-nji maýda öz ýurdunyň “Ýewropa Bileleşigi bilen hemmetaraplaýyn we gurujy hyzmatdaşlyga tarap alan ugruny” dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu barada Gazagystanyň prezidentiniň websaýtynda habar berilýär. Tusk Gazagystany “diňe bir sebitde däl, eýsem global derejede hem möhüm we durnukly hyzmatdaş” hökmünde häsiýetlendirdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin tanymal adamlaryň atlaryny aeroportlara dakmagy karar etdi 

19-njy asyrda ýaşan meşhur şahyr Aleksandr Puşkiniň adyny eşitmän, Orsýete syýahat etmek tas mümkin däl. Emma indi bu Moskwa barjaklar üçin asla mümkin bolmaz. Sebäbi prezident Wladimir Putin taryhy şahslaryň atlaryny Orsýetde Moskwadan Magadana çenli aralykda onlarça aeroporta dakmak barada karar çykardy. 31-nji maýda gol çekilen karara laýyklykda, 44 aeroporta meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň, alymlaryň, syýasy işgärleriň, inženerleriň we beýlekileriň atlary dakylar. Paýtagtdaky Şeremetýewo... Читать дальше...

Azathabar.com 

Wirjinianyň hökümet binasynda bolan oka tutmada azyndan 12 adam öldi

ABŞ-nyň Wirjinia ştatynyň Wirjinia-Biç (Virginia Beach) şäherinde görnetin nägile bolan işgäriň hökümetiň ýerli dolandyryş binasyny oka tutmagy netijesinde azyndan 12 adam öldi. Polisiýa 31-nji maýda ýaragly adamyň häkimiýetler tarapyndan tüpeňlenip, ölüm halyna salynmazyndan öň ýene alty adamy atyp ýaralandygyny aýtdy. Ýaraly bolanlaryň biri polisiýa ofiseri. Polisiýanyň başlygy James Cervera ýaragly adamyň Wirjinia-Biş şäheriniň dolandyryş edarasynyň içindäki işçileri “biruçdan” oka tutandygyny aýtdy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *