Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2026
1
7
8
14
15
22

Новости за 19.02.2026

Azathabar.com 

Ýurduň daşyndan baran türkmen raýatlary Türkmenistanda WIÇ/SPID barlagyndan geçmäge mejbur edilýär

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralarynda ýurtda WIÇ/SPID ýokaşan adamlary anyklamak boýunça çäreler güýçlendirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, daşary ýurtlardan gaýdyp gelen raýatlardan gan barlagyndan geçmek talaby guramaçylykly ýerine ýetirilip başlanypdyr. "Hepdäniň başynda bu talap welaýatyň MHM we SPID merkezi tarapyndan bilelikde berjaý edilýär. Maşgala lukmanlarynyň üsti bilen sanaw düzülýär we raýatlar merkeze çagyrylýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 18-nji fewralda aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Prezidente berlen 'ýörite sylag' býujet işgärlerine 'gymmat düşdi'

Balkanabatda 18-nji fewral güni irden uly çäre geçirildi, öňünden meýýilleşdirilmedik dabaralara çagyrylan býujet işgärleri ir sagat 5-de iş ýerlerine gelmeli edildi, adamlar bu ýagdaýdan halys ýadandyklaryny aýdýarlar diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BSGG-niň ýörite sylagyna mynasyp bolmagyna bagyşlanan çäre Aşgabatda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly halkara okuw maslahatynyň geçirilýän wagtyna gabat geldi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ ugrandygyny habar beren döwlet mediasy birnäçe gün bäri onuň nirededigini aýtmaýar

Türkmenistanyň baş ýolbaşçylarynyň biri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt saparyna gideninden bäri birnäçe gün geçdi. Halk Maslahatynyň başlygy - Arkadagyň ABŞ sapara gidendigini 16-nji fewralda habar beren döwlet mediasyndan şondan bäri resmi beýanat bolmady. Garaşsyz habar çeşmelerdäki käbir maglumatlarda Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Florida ştatyna barandygy aýdylýar. Türkmenistanyň uçary Fort Loderdeýl (Fort Lauderdale) howa meýdanynda diýlip "FlightRadar 24 Flight Spotters" atly toparda habar berildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ronaldo “Arkadag” futbol toparyna garşy jogap oýnuna hem gatnaşmady

AFK Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň “Al-Nassr” bilen “Arkadag” toparlarynyň arasyndaky ikinji oýun Saud Arabystanynyň toparynyň 1-0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär. Neşiriň ýazmagyna görä, ilkinji oýunda bolşy ýaly, “Al-Nassr” toparynyň oýunçylary meýdança esasy düzümde çykmady. Hasap bäsleşigiň ikinji minutynda açyldy. Ýer eýeleri oýnuň galan wagtynda hem güýçli göründiler, myhmanlar bolsa mynasyp gorandylar diýip, TH ýazýar. Kristiano Ronaldo oýun wagtynda görünmedi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýol ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi

Seulyň merkezi etrap kazyýeti 19-njy fewralda Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýoly, pitne we konstitusion gurluşy bozmak synanyşygynda günäli tapyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. “Roýters” agentliginiň habaryna görä, kazyýet öňki prezidenti 2024-nji ýylyň dekabrynda ýurtda harby ýagdaý girizmek synanyşygy bilen baglanyşykly çäreleri gurnamakda günäli tapdy. Aýyplaw netijesine görä, Ýun Sok-ýol, parlamente we syýasy garşydaşlaryna basyş etmek üçin, harby hem-de howpsuzlyk güýçlerini ulandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyz prezidenti Taşiýewiň dostuny Oş şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy

Gyrgyzystanyň günortasyndaky uly şäheriň häkimi täzelendi. Prezident Sadyr Žaparow Oşuň şäher häkimi Ženişbek Toktorbaýewi wezipesinden boşadyp, onuň ýerine parlamentiň öňki agzasy Žanarbek Akaýewi häkim wezipesine belledi. Öňki häkim Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň 10-njy fewralda wezipesinden boşadylan başlygy Kamçybek Taşiýewiň ýakyn adamlarynyň biri hasaplanýardy. Premýer-ministr Adylbek Kasymaliýew 19-njy fewralda Žanarbek Akaýewi şäher häkimliginiň işgärleri bilen tanyşdyrdy. Toktorbaýewiň... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *