Ahalda ene-atalara çagalarynyň metjitlere gatnamagynyň we namaz okamagynyň öňüni almak tabşyrylýar. Bu aralykda, Lebapda käbir polisiýa işgärleriniň çagalaryň ýaremezan aýdyp ýygnan pullaryny ellerinden almagy bilen bagly wakalaryň bolandygyny ýaşaýjylar we polisiýadaky çeşmelerimiz aýdýarlar.
Türkmenistanda häkimiýetler Remezan aýynyň dowam edýän şu günlerinde raýatlaryň dini däp-dessurlaryny berjaý etmegini çäklendirmegi we dindarlara basyşlaryny dowam etdirýär. Ahal welaýatynda ene-atalara çagalarynyň metjitlere gatnamagynyň we namaz okamagynyň öňüni almak tabşyrylýar. Bu aralykda, Lebap welaýatynda käbir polisiýa işgärleriniň çagalaryň ýaremezan aýdyp ýygnan pullaryny ellerinden almagy bilen bagly wakalaryň ençemesiniň bolandygyny ýaşaýjylaryň we polisiýadaky çeşmelerimiziň ençemesi aýdýar. Читать дальше...
Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerine gelen güýçli tozanly ýel sebäpli onlarça ýaşaýyş jaýy, ekin meýdanlary zeper çekdi, ençeme adam ýaralandy. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň köp ýerlerinde sagatlap hojalyklaryň elektrik üpjünçiligi kesildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde ABŞ-da bolan wagtynda amerikan işewür wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirendigini TDH döwlet habar agentligi 21-nji fewralda habar berdi we yzýany onuň "Al-Arabia" telekanalyna beren interwýusyny çap etdi. Bu maglumatlar Halk Maslahatynyň başlygynyň ABŞ ugrandygyny 16-njy fewralda habar beren resmi mediada şondan bäri çap bolan ilkinji habarlardyr. 21-nji fewralda türkmen döwlet metbugatynda çap edilen habara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň... Читать дальше...
Özbek paýtagty Daşkentiň resmileri 1976-njy ýyldan öň öndürilen awtoulaglaryň ulanylmagyna garşy çykýarlar. Özbegistanda şeýle awtoulaglaryň takmynan 88 müň sanysy hasaba alnandyr. Özbegistanyň häkimiýetleri bu ulaglaryň ýollarda ulanylmagyny gadagan etmek bilen daşky gurşawy we ýol howpsuzlygyny gowulandyrmagy maksat edinýärler. 1-nji fewraldan bäri Özbegistanyň polisiýasy ýollarda köne awtoulaglary saklap, barlag geçirýär. Eger awtoulag 1976-njy ýyldan öň öndürilen bolsa, onda ony sürmek gadagan... Читать дальше...
Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerine gelen güýçli tozanly ýel sebäpli onlarça ýaşaýyş jaýy, ekin meýdanlary zeper çekdi, ençeme adam ýaralandy. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň köp ýerlerinde sagatlap, käbir sebitlerde ençeme günläp hojalyklaryň elektrik üpjünçiligi kesildi. Tebigy harasatdan ejir çeken ilat häkimýetleriň dymmagyndan we hemaýat sorap gelýänlere gödek daraşmagyndan nägile bolýandygyny aýdýar. Howa maglumatlaryna gözegçilik edýän Meteožurnal neşirine görä... Читать дальше...
Türkmenistanda 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan gowşurylýan pul sowgadynyň möçberi tapgyr sekizinji ýyl 60 manada barabar bolar. Bu resmi kurs boýunça $17 we gara bazar nyrhynda $3-a deňdir. Bu barada 20-nji fewralda hökümet maslahatynda yglan edildi. Resmi habara görä, 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2026-njy ýylyň 2-6-njy marty aralygynda ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara... Читать дальше...
Rus hökümeti Döwlet Dumasyna Russiýada patent bilen işleýän migrant işçileriň çagalarynyň 18 ýaşyna ýetenden soň 30 günüň dowamynda ýurtdan çykmagyny ýa-da öz patentlerini almak üçin ýüz tutmagyny talap edýän kanun taslamasyny hödürledi. Resminama görä, migrant işçileriň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna, ene-atasynyň bu ýurtdaky rugsatnamasynyň güýjünde bolan döwründe Russiýada galmaga rugsat berler. Ýöne munuň üçin ene-ata özi we her bir çaga üçin şahsy girdeji salgydynyň tölegini öňünden tölemeli bolar. Читать дальше...
Ýurduň içinde oppozisiýanyň artmagy we global derejede ABŞ-nyň harby hüjümi bilen bagly howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Eýranyň hökümeti öňümizdäki hepde Omanyň araçylygynda amerikan wekilleri bilen gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýar ýaly bolup görünýär. Omanyň daşary işler ministri Badr Albusaidi 22-nji fewralda beren maglumatynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça “ylalaşygy tamamlamaga gönükdirilen goşmaça tagalla bilen”, gepleşikleriň 26-njy fewralda Ženewada täzeden başlanjakdygyny aýtdy. Eýran... Читать дальше...