Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2026
7
8
14
15
21
22
28
29

Новости за 17.03.2026

Azathabar.com 

Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"

Eýranyň harbylary Türkmenistana öz emeli hemrasy arkaly oppozision Iran International satellit kanalynyň signalyny berýändigi üçin “açyk duýduryş yglan etdi" diýip, Britaniýadan ýaýlym berýän kanalyň 16-njy martda media we hukuk toparlaryna ýollan beýanatynda aýdylýar. Iran International özüniň ýaýlymy üçin Türkmenistanyň eýeçiligindäki TürkmenÄlem 52E/MonacoSat hemrasyny ulanýar. Kanalynyň maglumatyna görä, bu haýbatlardan öň hemrany Eýranyň çäginde petiklemek synanyşyklary hem bolupdyr. Olaryň netijesinde kanal wagtlaýyn efirden gidipdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystandan Türkmenistana dolanýan raýatlardan neşe boýunça gan barlagy alynýar

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky Bekdaş gümrük geçelgesinde ýurda dolanýan türkmen raýatlaryndan, neşe maddalaryny ulanýandygyny ýa-da ulanmaýandygyny anyklamak boýunça, gan barlaglaryny almak ýola goýuldy. Gümrük gullugyndaky çeşmelerimiz munuň ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky urşuň fonunda, Gazagystana “neşe syýahatyna” gidýän türkmenistanlylaryň köpelendigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy martda sebitden maglumat berdi. “Şu... Читать дальше...

Azathabar.com 

Garyp düşen hojalyklar jaýlaryny sarygarynjalardan gorap bilmän kösenýär

Ahal welaýatyndaky habarçymyz Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň sarygarynja ‘belasyndan dat edýändiklerini’ habar berýär. Azatlyk ýurtda uly alada döredýän, oba adamlarynyň iň esasy we zerur emlägi bolan jaýlaryna wehim salýan sarygarynja meselesine geçen ýylyň aprelinde, 2024-nji ýylyň iýunynda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda hem ünsi çekipdi. Synçylar soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda garyp düşen hojalyklaryň sarygarynja bilen göreşde ýeterlik serişdesiz we ýalňyz galandyklaryny aýdýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen çagalaryna tölegsiz rus dili sapaklary hödürlenýär

Türkmenistanda orta mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze taslama badalga aldy diýip, türkmen metbugaty 16-njy martda habar berdi. Bu taslama Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ministrlikleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda durmuşa geçirilýär. Habarda aýdylmagyna görä, häzir bu bilim platformasy ulanyjylar üçin «Türkmenistan» täzelikler portalynda açyk bolup, onda birinji synplar üçin gysga wideookuwlaryň 70 sanysyndan ybarat bolan tölegsiz, başlangyç onlaýn sapaklary ýerleşdirilipdir.

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Hytaýa sapar edýär

Türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow 17-19-njy mart aralygynda, Hytaýyň başlygy Si Szinpiniň çakylygy bilen, Hytaýda dostlukly saparda bolar diýip, "Sinhua" habar agentligi 16-njy martda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekiline salgylanyp habar berdi. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty häzirlikçe bu sapar barada hiç maglumat bermeýär. Türkmen metbugaty Gurbanguly Bedimuhamedowyň fewral aýynda Birleşen Ştatlara eden öňünden... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanda Konstitusiýa referendumynyň netijeleri yglan edildi

Gazagystanyň Merkezi referendum komissiýasy 17-nji martda täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça geçirilen ses berişligiň gutarnykly netijelerini yglan etdi. Merkezi referendum komissiýasynyň maglumatlaryna görä, raýatlaryň 73,12 göterimi (9,1 milliondan gowrak adam) ses bermäge gatnaşdy. Olaryň 87,15 göterimi (8 milliona golaý) täze Konstitusiýany goldaýandygyny aýtdy. 898 müňe golaý saýlawçy (9,83%) taslama garşy ses berdi. Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nurlan Abdirow referendumyň geçirilendigini resmi taýdan yglan etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp: Putin Ýewropadan däl, ABŞ-dan gorkýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýewropadan gorkmaýar; ol ABŞ-dan gorkýar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu pikirini 16-njy martda Waşingtonda eden çykyşynda, NATO-nyň ýaranlarynyň arasyndaky düşünişmezliklere degip geçende aýtdy. Mundan öň Tramp “Financial Times” gazetine beren interwýusynda, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýaragly çaknyşyklaryň fonunda ýaranlar Hormuz bogazynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek etmese, NATO-nyň geljeginiň “örän garaňky” bolup biljekdigini aýtdy. Tramp Britaniýany... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjik häkimiýetleri Merkezi Aziýa uniwersitetiniň dil mekdebini ýapdy - Pamir Inside

Täjik häkimiýetleri Merkezi Aziýa uniwersitetiniň “Hünärmen we üznüksiz bilim mekdebini” ýapdy we onuň ygtyýarnamasyny yzyna aldy diýip, Daglyk-Badahşan awtonom oblastyndaky wakalar barada habar berýän “Pamir Inside” neşiri 16-njy martda habar berdi. Mekdebiň wekili “Ozodi” radiosy bilen gürleşeninde onuň ýapylandygyny inkär etmedi, ýöne resmi habaryň 17-nji martda çap ediljekdigini aýtdy. Täjik häkimiýetleri bu maglumata häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermediler. “Hünär we üznüksiz bilim mekdebi” Merkezi Aziýa uniwersitetiniň bölümi bolup... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *