Erdogan Trampy S-400 üçin temmi bermezlige yraryn diýip umyt edýär
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Birleşen Ştatlary, Ankaranyň Orsýetden raketa gorag ulgamyny almak kararyna temmi hökmünde, öz ýurduny F-35 söweş uçarlary programmasyndan çykarmak haýbatyndan el çekmäge yraryn öýdýändigini aýtdy.
Erdogan 12-nji iýunda “bu meseläni telefonda maslahatlaşmak we ony häzirki ýagdaýyndan bu işlere başlan wagtlaryndaky halyna getirmek isleýändigini” aýtdy.
Erdogan prezident Donald Tramp bilen 20-ler toparynyň Ýaponiýada, 28-29-njy iýunda geçjek sammitiniň gapdalyndan duşuşmagy planlaşdyrýar. Emma türk lideri ABŞ prezidenti bilen 13-nji iýunda telefonda gürleşjekdigini aýtdy.
Birleşen Ştatlar Türkiýä Orsýetde ýasalan S-400 raketa gorag ulgamyny satyn almak baradaky ylalaşygyndan el çekmegi üçin 31-nji iýula çenli wagt berdi ýa-da ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky F-35 söweş uçarlary taslamasyndan çykmaly boljakdygyny aýtdy.
Ankara bu uçarlardan 100 sanysyny öz goşunlarynyň ulanmagy üçin satyn almagy planlaşdyrýardy.