Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2019

Новости за 13.06.2019

Azathabar.com 

Bilermenler Aşgabatda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň ähtimallygyna ünsi çekýärler

Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlarda mör-möjekleriň we gemrijileriň ýaýramagyna garşy özbaşdak göreşmegini dowam etdirýärler. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda aşgabatlylary esasan büreler we syçanlar bimaza edýär.  Habarçylaryň sözlerine görä, şu günki gün öň görlüp eşidilmedik möçberde köpelen mör-möjekler ýerzeminlerde döreýär we soň ýaşaýyş jaýlara ýaýraýar. Soňky günlerde şeýle wakalaryň Aşgabadyň Howdan B we 11-nji etrapçalarynda ýüze çykandygy habar berilýär. Ýerli... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG Gazagystanyň protestçileri basyp ýatyrmagyny ýazgarýar

Gazagystanda 9-njy iýunda geçirilen irki prezident saýlawlary bilen baglylykda guralan protestler mahalynda ýüzlerçe adam tussag edileninden soň, BMG-niň Adam hukuklary edarasy gazak häkimiýetlerini “parahatçylykly ýygnanyşmak, pikir aýtmak we syýasy gatnaşyk azatlyklaryny hormatlamaga” çagyrdy.

Azathabar.com 

Täze barlagyň netijelerine görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher

ECA International toparynyň geçiren soňky barlaglaryna görä Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy. Dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylar öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň 13-nji iýunda çap eden soňky hasabatyna görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy. “Aşgabadyň alan derejesi käbir adamlary geňirgendirmegi mümkin, ýöne Türkmenistanyň soňky ýyllarda duçar bolýan ykdysady we walýuta kynçylyklaryndan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Omanyň aýlagynda hüjüme sezewar bolandygy habar berlen tankerler we olaryň ekipažy halas edildi

Omanyň aýlagynda hüjüm edilendigi habar berlen nebit önümlerini daşaýjy tankerde ýangyn çykandan soň, ekipažyň onlarça agzasy halas edildi. 13-nji iýunda bolan bu waka Birleşen Arap Emirlikleriniň golaýynda dört tankere hüjüm edilmegi bilen pars aýlagynda Tähran bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlygyň artmagyndan bir aý soňa gabat geldi. Gämi operatorlary Batyr Kokuka tankeriniň 21 ekipažynyň hem-de Front Altairdan 23 adamyň howpsuz ýagdaýda hala edilendigini aýtdy. Eýranyň döwlet metbugaty... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2020-nji ýyldan başlap,  ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar. 12-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. Resmi metbugata görä, täze karar Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmegi, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de önümçilikde ylmyň gazananlaryndan peýdalanmagy maksat edinýär. Täze karara laýyklykda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda permana gol çekdi. TDH-nyň ýazmagyna görä, täze instituty döretmek bilen ýurtda “senagat we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak”, “maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek” hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak maksat edinilýär. Prezident täze... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranly hukuk goraýjynyň global goldawyna 1 milliondan gowrak adam goşulýar

Halkara günä geçiş guramasy, “Amnesty International” dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda we territoriýasynda eýran häkimiýetleriniň tanymal hukuk goraýjy aktiwist Nasrin Sotoudehi azat etmegine çagyrýan petisiýa 1 milliondan hem kän adamyň gol çekendigini aýdýar. Ol jemi 38 ½ ýyl türme tussaglygyna we148 dürre urulmagyna höküm edildi. Düýbi Londonda ýerleşýän hukuk gözegçiligi guramasy onuň iki sud seljerişliginiň hem “juda adalatsyz” bolandygyny aýdýar. Tussag edilmeginiň bir ýyllygyny belläp,... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Polşada “1000 töweregi” kän harby gullukçy saklamaga razy boldy

Birleşen Ştatlar Polşada “1000 töweregi” kän harby gullukçy saklamaga razy boldy, sebäbi Gündogar Ýewropa döwleti özüne Orsýet tarapyndan abanýar diýip hasaplaýan wehimine garşy durmaga çalyşýar. Emma muňa garamazdan, prezident Donald Tramp tarapyndan 12-nji iýunda gol çekilen ABŞ-Polşa jarnamasy muny hemişeleik goşun saklamak diýip atlandyrmakdan saklanyp, Kremliň öz günbatar serhetlerinegolaýda has uly ABŞ harbylarynyň ýerleşdirilmeginden alada galmak ähtimallygyny azaltdy.  Tramp biraz öň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Erdogan Trampy S-400 üçin temmi bermezlige yraryn diýip umyt edýär

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Birleşen Ştatlary, Ankaranyň Orsýetden raketa gorag ulgamyny almak kararyna temmi hökmünde, öz ýurduny F-35 söweş uçarlary programmasyndan çykarmak haýbatyndan el çekmäge yraryn öýdýändigini aýtdy.  Erdogan 12-nji iýunda “bu meseläni telefonda maslahatlaşmak we ony häzirki ýagdaýyndan bu işlere başlan wagtlaryndaky halyna getirmek isleýändigini” aýtdy. Erdogan prezident Donald Tramp bilen 20-ler toparynyň Ýaponiýada, 28-29-njy iýunda geçjek sammitiniň gapdalyndan duşuşmagy planlaşdyrýar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *